Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek ara alnyp maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Türkmenistanda BMGÖM-nyň edarasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hyzmatdaşlyk platformasy, II tapgyrynyň» çäklerinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Aşgabadyň resmi ýagdaýda DÖG-ni durmuşa geçirmek we maliýeleşdirmek boýunça örän köp tagallalary edýändigini nygtady we ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu ugurdaky netijeli işini belläp geçdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar DÖG-niň maliýeleşdirilişine baha berlenden soň, Türkmenistanyň meýilleşdirilýän işleriniň, Durnukly ösüş maksatlary baradaky maglumatlar bazasyndan peýdalanmagyň meselelerine, şeýle hem Bütindünýä söwda guramasy boýunça halkara bilermeniň ýurda bolan saparynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news
Surat Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berildi








