

Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen BAE-e bardy
TDH gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy.


TDH gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy.


Merkezi Aziýa sebitinde asfaltlanan ýollaryň uzynlygy soňky 20 ýylda 24,5 müň km artdy. Iň uly öňegidişligi ýol gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylýan ýurtlary – Türkmenistan bilen Özbegistanda bellemek bolar" – diýlip, Ýewraziýa Ösüş Bankynyň "Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti: täze garaýyş” atly dokladynda aýdylýar.


Ýaponiýanyň hökümeti dekabryň ikinji ýarymynda Tokioda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýekşenbe güni Ýaponiýanyň diplomatik çeşmelerine salgylanyp, Kyodo habarlar agentligi habar berdi.


“Täze bilimler maksatlaryňa ýetmek üçin örän uly mümkinçilikler berýär. Esasy zat – biz hereket edip başlamak bilen, halk-amaly-haşam döredijiliginiň ussatlary üçin täze işewür giňişligi açdyk, biziň ele alan täze tejribämiz bolsa bu ulgamda yzygiderli ýaýbaňlanýar” diýip, “Orlan” kompaniýasy we ÝUSAID tarapyndan guralan Handmade Exports taslamasyna gatnaşyjy Täjigül Gurbanowa aýdýar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen demir ýollarynyň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklaryny kesgitlemegiň tertibi tassyklandy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommmunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan hödürlenen bu resminama anna güni, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekildi.


Wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek halkara internet olimpiadalaryna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH agentligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň habar berdi.


Türkmen Garagumynyň çägeleri BMG Ösüş Maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamasynyň çäklerinde energiýa çeşmelerinden peýdalanmak we soňraky ýaşyl energetikany ösdürmek üçin ulanylyp bilner.


Galkynyş gaz käninde aýratyn çylşyrymly guýularyň gurluşygy tamamlanýar, şol guýular tebigy gazyň çykarylyşynyň umumy möçberini we şu çäklerde gaýtadan işleýän desgalaryň işini artdyrar. Bular barada anna güni geçirilen türkmen hökümetiniň mejlisinde ÝET boýunça wise-premýer Şahym Abdrahmanow hasabat berdi.


Türkmensiatnyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary 21-22-nji noýabra meýilleşdirildi. Bu saparyň iş maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada anna güni türkmen hökümetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi we onuň çägindäki işewürlik forumy 29-30-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hünärmenleri Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň hünärmenleri bilen gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


TOPH gaz geçirijisini (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gurmagyň meýilnamasy eýýäm işlenip düzüldi we ony 3-4 ýylyň dowamynda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär we bu bolsa şahamçanyň üsti bilen Pakistana her günde 35 million kub metrden gowrak tebigy gaz ibermäge mümkinçilik berer.


ORIENT-iň habarçysynyň habar bermegine görä, penşenbe güni 17-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi bahasy 6 million türkmen manadyndan geçýän 6 sany geleşik baglaşyldy.


Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşigi Merkezi Aziýanyň neşe serişdeleriniň öňüni alyş maksatnamasynyň (CADAP-7) çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge özara gyzyklanma bildirýärler.


Ýewropa Birleşiginiň — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleriniň 18-nji mejlisine gatnaşyjylar bar bolan çökgünçilikleri ýeňip geçmek üçin söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändiklerini tassykladylar – diýip, Gyrgyzystanyň DIM-niň saýty duşuşygyň jemleri boýunça habar berýär.