Arzuwlar hasyl bolýar: el işleri milli gözelligiň nyşany bolan işewürlik hökmünde


“Täze bilimler maksatlaryňa ýetmek üçin örän uly mümkinçilikler berýär. Esasy zat – biz hereket edip başlamak bilen, halk-amaly-haşam döredijiliginiň ussatlary üçin täze işewür giňişligi açdyk, biziň ele alan täze tejribämiz bolsa bu ulgamda yzygiderli ýaýbaňlanýar” diýip, “Orlan” kompaniýasy we ÝUSAID tarapyndan guralan Handmade Exports taslamasyna gatnaşyjy Täjigül Gurbanowa aýdýar.
Handmade Exports-2022 taslamasyna täze “Dizaýn plýus” döredijilik birleşmesinden amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň 12-si gatnaşyp şolaryň dördüsi ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan goldanylan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykdy.

– Şeýle goldaw hem-de özümizi görkezmäge we baha mynasyp bolmaga mümkinçilik beren Handmade Exports taslamasynyň guralmagy netijesinde biz “Aşgabat – dizaýnyň şäheri”, “Dizaýn 2022” halkara sergisi hem-de “Serhetsiz dizaýn” ýaly iri gözden geçirişlere we ençeme beýleki çärelere gatnaşdyk. Ähli ýerlerde-de işjeň satuwlar boldy – munuň özi halk döredijiligini wagyz etmek bilen birlikde, işewürlikde hem gazanylan üstünlikdir – diýip, biziň söhbetdeşimiz gürrüň berýär.
Amaly-haşam ussatlarynyň birnäçesiniň wekilleriniň Türkmenistanyň suratkeşler birleşmesiniň hataryna kabul edilmegi hem olaryň eýeleýän möhüm ornunyň ykrar edilmegi boldy. Şeýle hem Täjigül Gurbanowa herekete, şol sanda ORIENT saýty tarapyndan berilýän maglumat taýdan goldawy belleýär. Ol internet söwdalarynyň bolmagyna ýardam berýär.

– Bizi Fransuz instituty bilen hem hoşniýetli döredijilik gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biz Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň hem-de suratkeşleriniň tanyşdyrmalarynyň 104-sini geçirdik, Aşgabatdaky 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniň okuwçylarynyň maglumat-düşünje beriş tomusky lagerindäki meýletinçiler hereketine gatnaşýarys, şol ýerde etno, žiwopis usulynda bezemek, ýelmemek işleri, gurjaklary we oýnawaçlary döretmek, alyjylar üçin bezegli ýazgy boýunça ussatlyk sapaklarynyň 10-syny geçirdik. Yenme jemgyýetçilik guramasynda mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin halk amaly-haşam döredijiligi boýunça okuw sapaklarynyň üçüsini geçirdik. Ýurduň welaýatlarynda hem uly işlere başladyk – diýip, Täjigül Gurbanowa hereketiň gazanan üstünliklerini buýsanç bilen paýlaşýar.
– Göreldämiz bilen arzuwlaryň hasyl bolýandygyny görkezip, men hem suratkeş hökmünde we sungaty öwreniji hökmünde işleýärin hem-de ussatlygymy artdyrýaryn – diýip, ol sözüni dowam edýär. – Türkmenleriň dürli etniki toparlarynyň gadymy baş gaplarynyň şekilleri beýan edilen suratlaryň tapgyrlaryna başlanyldy. Etnograf Ajap Baýryýewa bilen bilelikde “Türkmen tahýasy bilen syýahat” atly üç dilde buklet döredildi, katalogyň üstünde iş alnyp barylýar.

– Biz şol bir duran ýerimizde durmaýarys, örenýäris hem-de ýurt boýunça gözleglerimiziň serhetlerini giňeldip, ösüşimiziň täze derejelerine çykýarys. Milli sungat, medeni köpdürlilik babatda täze ugurlary ösdürmek möhümdir. Şoňa görä-de biz bu işe goşandymyzy goşmaga çalyşýarys. Çünki döredijilik – munuň özi özboluşlylygy, ajaýyplygy hem-de gaýtalanmazlygy bilen tapawutlanýan hili boýunça täze maddy we ruhy gymmatlyklary döretmekdir.
ORIENT news
Foto: ORIENT








