HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ÝB neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almakdaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler

Noýabr 19, 2022 | 15:00 |8645
Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşigi Merkezi Aziýanyň neşe serişdeleriniň öňüni alyş maksatnamasynyň (CADAP-7) çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge özara gyzyklanma bildirýärler.Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşigi Merkezi Aziýanyň neşe serişdeleriniň öňüni alyş maksatnamasynyň (CADAP-7) çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge özara gyzyklanma bildirýärler.
Çeşme:

Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşigi Merkezi Aziýanyň neşe serişdeleriniň öňüni alyş maksatnamasynyň (CADAP-7) çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge özara gyzyklanma bildirýärler.

CADAP-yň direktory Ernest Robello we Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Birleşiginiň (ÝB) sebitleýin maksatnamasynyň dolandyryjysy Kosimo Lamberti Türkmenistana bolan iş sapary wagtynda ýurduň bu maksatnama mundan beýläkki işjeň gatnaşygyny ara alyp maslahatlaşmak barada ORIENT-iň habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşliginde mälim etdi.

Maksatnamanyň direktory Ernest Robello: «CADAP-yň artykmaçlygy ÝB bu başlangyç arkaly Merkezi Aziýada işleýän ýa-da işläp bilýän hünärmenlere ýokary derejede iň gowy bilimi berer» — diýip, belledi. — Bu ÝB-ne agza ýurtlaryň Türkmenistan we sebitdäki döwletler bilen bilim we tejribe alyşmaga bolan isleglerini aýdyň görkezýär. Hususan-da, Ispaniýa, Niderlandlar, Polşa, Çehiýa, Litwa we Portugaliýa ýaly döwletler uly gyzyklanma bildirýärler».

Şeýle hem Türkmenistan COVID-19 bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere, Owganystandaky durnuksyzlyga we global neşe gaçakçylygyndaky üýtgeşmelere sezewar bolmasa-da, CADAP-nyň çäginde ÝB bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr. Muny Ýewropa maksatnamalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Içeri işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýewropa Birleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Maksatnamasynyň Dolandyryjysy Cosimo Lamberti: «Häzirki wagtda bütin dünýäde bolup geçýän wakalaryň Türkmenistana ýetirýän täsiri bolmazdan, bu ýurduň neşe söwdasy bilen baglanyşykly meseleleriň öňüni almak üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bizi örän begendirdi» — diýip, belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen CADAP-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde neşe serişdeleriniň täze görnüşleri bilen baglanyşykly häzirki howplary öwrenmek meselesi olaryň ýurda getirilmeginiň öňüni almak üçin işlenip düzülýär. Mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan işleriň arasynda täze kanunlary işläp düzmek we türkmen hünärmenlerini neşe serişdeleriniň ýaýramagyna garşy göreşmekde Ýewropanyň iň oňat tejribeleriniň esasynda taýýarlamak örän uly orun eýeleýär.

ORIENT news
Surat: review.uz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026