HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda Bitaraplyk güni mynasybetli halkara internet olimpiadalary geçirildi

Noýabr 19, 2022 | 19:36 |4493
Wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek halkara internet olimpiadalaryna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.  Bu barada TDH agentligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň habar berdi.Wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek halkara internet olimpiadalaryna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.  Bu barada TDH agentligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň habar berdi.
Çeşme: sng.today

Wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek halkara internet olimpiadalaryna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH agentligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň habar berdi.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde 5 — 7-nji dekabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasynyň geçirilmegine garaşylýar.

5-nji dekabrda bolsa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler.

Halkara ders olimpiadalaryna Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki köp sanly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşykda bolmagyň, şeýle hem zehinli türkmen ýaşlaryny ýüze çykarmakda şeýle bäsleşikleriň geçirmegiň möhümdigi barada nygtady.

ORIENT news
Surat: sng.today

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026