Galkynyş gaz käninde aýratyn çylşyrymly guýularyň gurluşygy tamamlanýar


Galkynyş gaz käninde aýratyn çylşyrymly guýularyň gurluşygy tamamlanýar, şol guýular tebigy gazyň çykarylyşynyň umumy möçberini we şu çäklerde gaýtadan işleýän desgalaryň işini artdyrar. Bular barada anna güni geçirilen türkmen hökümetiniň mejlisinde ÝET boýunça wise-premýer Şahym Abdrahmanow hasabat berdi.
4 müň inedördül metrden geçýän jem-de bilermenleriň baha bermegine görä, gazyň 27 trillion kubmetr ätiýaçlygyna eýe bolan geljegi uly bu meýdançada häzir 45 guýy işleýär. Olaryň her biri bir gije-gündizde gazyň 2 million kubmetre çenli möçberiniň çykarylmagyny üpjün edýär. 2021-nji ýylyň awgustynda aýratyn çylşyrymly guýularyň ýene-de üçüsiniň gurluşygyna badalga berdildi.
Her guýynyň kuwwaty bir günde 3 million kubmetr töweregi gaza barabardyr. Olaryň 2021-nji ýylyň awgustynda gurluşygyna başlanylan taslamasy ilkibaşdan 30 aýa niýetlenendi. Emma, wise-premýeriň sözlerine görä, ol bellenilen möhletinde ir işe giriziler.
Bu taslama boýunça işleri Hytaýyň СNPС energetika kompaniýasy ýerine ýetirýär, töleg hökmünde bolsa “Türkmengaz” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama boýunça Hytaýa her ýylda üç ýylyň dowamynda 17 milliard gazyň iberilmegi göz öňünde tutulýar.
Hytaý türkmen gazy üçin esasy bazar bolup durýar, şeýle hem ýurt gazyň birnäçe möçberini Russiýa we Azerbaýjana (Eýarnyň üsti bilen swop-ibermek arkaly) satýar, gazy Owganystana, Pakistana we Hindistana iberiljek turba geçirijiniň üstünde işleýär.
Soňky wagtlarda türkmen gazynyň ýewropa ugruna iberilmegi baradaky mesele hem täze mazmuna eýe bolýar. Bu mesele dekabryň başynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulan Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň liderleriniň duşuşygynda gün tertibine giriziler.
ORIENT news








