

«Galkynyş» gaz ýatagynda täze guýyny işe girizdiler
Dünýädäki iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan Türkmenistandaky «Galkynyş» gaz ýatagynda 60-njy belgili täze guýyny işe girizdiler – diýip, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň saýty habar berýär.


Dünýädäki iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan Türkmenistandaky «Galkynyş» gaz ýatagynda 60-njy belgili täze guýyny işe girizdiler – diýip, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň saýty habar berýär.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligi has gyzykly pikirleri we ylmyň dürli ugurlarynda çözgütleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berjek iki ýurduň alymlarynyň bilelikdäki ylmy-barlag başlangyçly taslamalaryny kabul etmek üçin bäsleşik yglan etdiler.


Sişenbe güni, 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $11,9 mln amerikan dollaryna we 11,2 mln. türkmen manadyna deň bolan 4 sany geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Madridiň «Real» klubynyň hüjümçisi Karim Benzema Ispaniýanyň super kubogynda pökgini yzly-yzyna bäş gol geçirip, argentinaly futbolçy Lionel Messiniň rekordyny gaýtalady – diýip, forward özüniň Twitter hasabynda habar berdi.


Hytaý tarapyndan daşary ýurtlara syýahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegi bilen, dünýä jemgyýetçiligi Hytaýdan gelýän jahankeşdeleri işjeň garşy alýar – diýip, China daily habar berdi.


Bütindünýä banky 2023-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň çaklamasyny 3%-den 1,7% çenli düşürip, görkezijini täzeledi – diýip, BB-nyň resmi saýty habar berýär.


Meşhur türk şahyry we sazandasy Aşyk Weýseliň ölüminiň 50 ýyllygy ÝUNESKO-nyň ýadygärlik seneleriniň sanawyna goşulandyr. Bu ýadygärlik senesine bagyşlanan çäreler, sergiler, konsertler we maslahatlar 2023-nji ýylyň dowamynda hem Türkiýede, hem daşary ýurtda geçiriler.


Türkmenistanyň paýtagtynda Russiýanyň öndürijileri üçin “Russiýanyň söwda öýi” söwda-sergi meýdançasyny açarlar – diýip, RF-nyň Söwda-senagat edarasynyň saýty çarşenbe güni habar berdi.


Migrasiýa baradaky halkara guramanyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi. Sebitleýin wekil bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nazar Atagaraýew bilen bolan duşuşygynda nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web saýty habar berýär.


Türkmenistanyň milli geňeşiniň halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny hem-de konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilýändigini mälim edip, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýagny Parlamentiniň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.


Özara bähbitli Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gyrgyz hökümetara toparyna uly orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.


Duşuşygyň barşynda Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.


Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy we Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň salamyny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, Italiýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny aýtdy.


«Altyn globus-2023» baýragynyň 80-nji gowşurylyş dabarasy 10-njy ýanwarda Amerikanyň Kaliforniýa ştatyndaky «Bewerli- Hilton» otelinde bolup geçdi. Golliwudyň ýanyndaky žurnalistleriň assosiasiýasy 2022-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy filmleri we seriallary atlandyrdy – diýip, TASS habar berýär.


Russiýanyň Futbol birleşiginiň Baş sekretary Maksim Mitrofanow Aziýanyň futbol konfederasiýasyna goşulmak mümkinçiligi we UEFA-dan çykandan soň Aziýanyň saýlama oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligi barada beýan etdi – diýip, Champion.com. habar berýär.