HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: dünýä Hytaýda syýahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegini makullaýar

Ýanwar 12, 2023 | 17:31 |6603
Hytaý tarapyndan daşary ýurtlara syýahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegi bilen, dünýä jemgyýetçiligi Hytaýdan gelýän jahankeşdeleri işjeň garşy alýar – diýip, China daily habar berdi.Hytaý tarapyndan daşary ýurtlara syýahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegi bilen, dünýä jemgyýetçiligi Hytaýdan gelýän jahankeşdeleri işjeň garşy alýar – diýip, China daily habar berdi.
Çeşme: China daily

Hytaý tarapyndan daşary ýurtlara syýahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegi bilen, dünýä jemgyýetçiligi Hytaýdan gelýän jahankeşdeleri işjeň garşy alýar – diýip, China daily habar berdi.

Ctrip guramasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, ýedi günüň dowamynda daşary ýurda gitmek üçin sargytlaryň sany ep-esli artdy, sargydyň ortaça bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 32% artdy.

Bilermenler koronawirus bilen bagly çäklendirmeler gowşadylandan soň Hytaý tarapyndan daşary ýurtlara amala aşyrylýan syýahatyň gaýtadan dikeldilmegi dünýä syýahatçylygynyň ösmegine we dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegine ýardam eder diýip çaklaýarlar. Sebäbi pandemiýadan öň Hytaýyň daşary ýurtlara amala aşyrylýan syýahatçylygyň ösüşine goşýan goşandy saldamlydy. Şunda 2019-njy ýylda Hytaý ortaça her aýda 12 million uçarda sapara gidýän ýolagçylara uçuş hyzmatlaryny edýärdi.

Kambojanyň premýer-ministri Samdek Teço Hun Sen ýurduň hytaýly syýahatçylaryň gaýdyp gelmegine örän şatdygyny beýan etdi we olaryň bu ýerde bolmagy Kambojanyň syýahatçylygy we ykdysadyýeti üçin judawajyp – diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Hytaýda daşary ýurtlara amala aşyrylýansyýahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegine Hytaýyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolan Saud Arabystanda hem oňyn jogap berdiler. Saud Arabystanyň syýahatçylyk ministri Ahmed Al-Hatib has köp hytaýly syýahatçylaryň Saud Arabystanyň mirasy, medeniýeti bilen tanyş boljakdygyna umyt bildirdi.

Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä, şu ýylda Hytaýyň ykdysadyýeti 4,3%, 2024-nji ýylda bolsa 5% öser. Bu ýurduň COVID-19-a jogap bermegiň täze tapgyryna girenden soň edilen iň ilkinji uly çaklamadyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026