HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: az kükürtli ýangyç mazudy eksport edildi

Ýanwar 12, 2023 | 20:10 |4652
Sişenbe güni, 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $11,9 mln amerikan dollaryna we 11,2 mln. türkmen manadyna deň bolan 4 sany geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $11,9 mln amerikan dollaryna we 11,2 mln. türkmen manadyna deň bolan 4 sany geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Sişenbe güni, 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $11,9 mln amerikan dollaryna we 11,2 mln. türkmen manadyna deň bolan 4 sany geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Wirgin adalaryndan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler umumy jemi 30 müň tonna az kükürtliýangyç mazudyny $11,9 mln. amerikan dollaryna satyn aldylar. Olar önümiň her tonnasyna $398,50 amerikan dollaryny teklip etdiler.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler jemi 1 müň tonna jemleýji nebit koksuny 11,2 mln türkmen manadyna satyn aldylar.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026