

Aşgabat ýanwar aýynda türkmen-rus işewürlikforumyny kabul eder
19-20-nji ýanwarda Aşgabatda türkmen-rus işewürlikforumy geçiriler – diýip, RF-nyň Söwda-senagat edarasy öz saýtynda habar berdi.


19-20-nji ýanwarda Aşgabatda türkmen-rus işewürlikforumy geçiriler – diýip, RF-nyň Söwda-senagat edarasy öz saýtynda habar berdi.


Konstantin II, Gresiýanyň iň soňky patyşasy sişenbe güni 82 ýaşynda aradan çykdy. Ýürek we hereket ediş bilen baglanyşykly dowamly kesellerden ejir çekýän ozalky patyşanyň saglyk ýagdaýy beterleşdi we soňky aýlarda ol birnäçe gezek hassahana ýerleşdirildi – diýip, ERT news habar berýär.


«Aşgabat» tennis akademiýasynyň türgeni Ilima Guseýnowa 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Bahreýniň Isa şäherinde geçirilýän ITF Asia 14&U Development Championships-de Aziýanyň birinjiliginiň finalyna çykdy.


Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabatda Bütindünýä hindi gününiň (World Hindi Day 2023) baýram edilişini gurady – diýip, diplomatik wekilhana özüniň Instagramdaky hasabynda habar berdi.


Gazagystan ilkinji 20 müň tonna nebiti Russiýanyň üsti bilen Germaniýa ugratmaga niýet edinýär – diýip, TASS Respublikanyň energetika ministri Bolat Akçulakowyň sözlerine salgylanyp,habar berýär.


“Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti ýakyn wagtda çaga tigirleriniň önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär – diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýty habar berýär.


Saud Arabystany şu ýylda haj zyýaratyny amala aşyrmak üçin koronawirus çäklendirmelerini aýyrýar. Bu barada haj we umry ministri Taufik al-Rabia HajjExpo 2023 Maslahatynyň açylyşynda beýan etdi, zyýaratçylaryň sanynyň pandemiýadan öňkisi ýaly boljakdygyny goşdy.


Ak şäher Aşgabat öňküsinden has-da ak boldy – indi hemişe gök öwüsýän gül-gülzarlyklara gar düşüp, hemme ýerler ap-ak dona bürendi. Bu ýagdaýlar türkmen paýtagty üçin adaty bolmasa-da, häzirki gyş möwsüminde bolaýmaly görnüşlerdigi üçin onçakly geň zat däl, ýöne, ol soňky döwürde ilkinji gezek bolup geçdi.


“Aziýa-Plýus” täjik mediaholdingi 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her biriniň Amyderýadan we Syrderýadan suwuň näçe möçberini aljakdygy baradaky maglumatlary yglan etdi.


Gazagystanyň jemgyýetçilik ýerlerinde gödek we paýyş sözler ownuk bozgakçylyk hasaplanar we 2023-nji ýylyň mart aýyndan başlap, bu maddanyň bozulmagy üçin ýurduň häkimiýetleri jerimäni 4 esse artdyrarlar we tussaglyk bolsa 30 güne çenli kesgitlenip bilner – diýip, Kazakhstan Today habar berýär.


Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan kabul edilen Gyrgyz Respublikasynyň Aşgabatdaky täze ilçisi Azizbek Madmarow oňa öz ynanç hatlarynyň göçürmesini gowşurdy.


12-nji ýanwarda 2023-nji ýylyň Bütindünýä gyşky Uniwersiadasy – dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyplaryň arasynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän sport çäresi başlar. Oýunlar Nýu-Yorkuň (ABŞ) golaýyndaky Lake Placid atly kiçijik obada geçiriler.


Türkmenistanyň we HHR-niň hökümetleriniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa bolan döwlet saparynyň möhüm netijesi bolup durýar. Bu barada Hytaýyň DIM-niň resmi wekili Wenbin 10-njy ýanwarda metbugat maslahatynda aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda oba hojalyk işleriniň alnyp barylşy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde öňde durýan aýdyň wezipeler barada durup geçdi.


2022-nji ýylda Ýewraziýa ulagynda iň durnuksyz ýyllaryň biri bolandygyna garamazdan, Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda ýçk gatnawlarynyň mukdary täze sepgitlere ýetdi. Hytaýyň Milli Demirýol Topary Co., Ltd.-iň. Ýanwar aýynyň başynda China National Railway Group Co., Ltd. Iş konferensiýasy tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, Hytaý-Ýewropa otlylary 2022-nji ýylda 16 000 gatnawy amala aşyrmak bilen, netijede 1,6 million TEU deň bolan ýük daşaldy.