HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-özbek ylmy balangyçly taslamalary geçirmek üçin bäsleşik yglan edildi

Ýanwar 12, 2023 | 20:15 |10048
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligi has gyzykly pikirleri we ylmyň dürli ugurlarynda çözgütleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berjek iki ýurduň alymlarynyň bilelikdäki ylmy-barlag başlangyçly taslamalaryny kabul etmek üçin bäsleşik yglan etdiler.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligi has gyzykly pikirleri we ylmyň dürli ugurlarynda çözgütleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berjek iki ýurduň alymlarynyň bilelikdäki ylmy-barlag başlangyçly taslamalaryny kabul etmek üçin bäsleşik yglan etdiler.
Çeşme: twitter.com

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligi has gyzykly pikirleri we ylmyň dürli ugurlarynda çözgütleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berjek iki ýurduň alymlarynyň bilelikdäki ylmy-barlag başlangyçly taslamalaryny kabul etmek üçin bäsleşik yglan etdiler.

Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär.

Bäsleşik 4 esasy ugur boýunça yglan edildi: 1) Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; 2) Biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; 3) Häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýasy; 4) Ynsanperwer ylymlary.

Taslamalaryň teklipleri öňürti türkmen we özbek gatnaşyjylary tarapyndan ylalaşylmaly we Türkmenistanyň YA-da 2023-nji ýylyň 31-nji martyna çenli hasaba alynmaly (taslamanyň ady iki dilde hem birmeňzeş bolmaly). Şunda islendik alym onuň ýolbaşçysy hökmünde diňe bir özbaşdak taslamany tabşyrmaga hukuklydyr.

Ýerine ýetirilýän meýinamalaýyn iş bilen ady we mazmuny doly gabat gelýän işleriň bäsleşige goýberilmejekdigini ony guraýjylar duýdurýarlar, şu düzgüniň berjaý edilmegine bolsa taslamanyň ýolbaşçysynyň özi jogap berýär. Gatnaşmak üçin resminamalaryň toplumyny Türkmenistanyň YA-dan alyp bolýar.

Taýýar resminamalar 2023-nji ýylyň 31-nji martyna çenli şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 15 (Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy).

Taslama ýurtlaryň arasyndaky 2022-2024-nji ýyllar üçin ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky bilelikdäki maksatnamanyň we Türkmenistanyň YA-nyň we ÖR-nyň Innowasion ösüş ministrliginiň arasyndaky ylalaşygyň çäklerinde geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri** 94-30-89, 94-14-52

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026