Habarlar

Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi RT telekompaniýasy bilen gepleşikleri geçirdiTürkmenistanyň halkara habarlar merkezi RT telekompaniýasy bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi RT telekompaniýasy bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň halkara habarlar merkezinde (HHM) Russia Today halkara teleýaýlymynyň işgärleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. HHM-niň ýolbaşçylaryndan başga-da, türkmen tarapyndan gepleşiklere DIM-niň wekilleri gatnaşdylar, beýleki tarapdan bolsa Russia Today-iň halkara hyzmatdaşlygy gullugynyň uly prodýuseri Ýana Aleksandrowa, teleýaýlymyň halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň bölüminiň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Karina Melikýan, Ruptly wideoagentliginiň baş-prodýuseri Mariýa Antonenko we Ruptly-nyň sebitleýin teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça prodýuseri Wartan Haçaturýan gatnaşdylar.