HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan daşky gurşaw meseleleri boýunça «ÝB-MA» maslahatyna gatnaşdy

Fewral 24, 2023 | 11:37 |7750
Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde tamamlanan daşky gurşaw we suw serişdeleri meseleleri boýunça «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejedäki 7-nji Maslahatyna gatnaşdy.Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde tamamlanan daşky gurşaw we suw serişdeleri meseleleri boýunça «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejedäki 7-nji Maslahatyna gatnaşdy.
Çeşme: instagram.com / @wecoopproject

Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde tamamlanan daşky gurşaw we suw serişdeleri meseleleri boýunça «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejedäki 7-nji Maslahatyna gatnaşdy.

Maslahat Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçdi. Gatnaşyjylar daşky gurşaw we suw serişdeleri babatynda hyzmatdaşlyk boýunça ÝB-Merkezi Aziýa platformasynyň soňky üç ýylyň dowamyndaky işleriniň netijeleri we üstünlikleri bilen tanyşdylar, şeýle hem Platformanyň çäklerinde 2023-2025-nji ýyllar üçin özara hereket etmegiň mundan beýläkki ädimlerini meýilleşdirdiler.

«Howanyň üýtgemegi bütindünýä meselesi bolup durýar, şol sebäpli hem bu meseläniň hem dünýä derejesinde, hem sebit derejesinde çözgüdini tapmak zerurdyr» - diýip, Ýewropa Birleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala aýtdy.

Maslahatyň ahyrynda Merkezi Aziýa, Ýewropa Birleşigi (ÝB) we ÝB-ne agza döwletleriň daşky gurşaw, howanyň we suw serişdeleriniň üýtgemegi babatynda syýasatyň işlenip düzülmegine jogapkär wekiliýetiniň agzalary jemleýji resminamasyny kabul etdiler.

Olar MA ýurtlary tarapyndan 2019-njy ýyldaky döwürden bäri ýetilen ösüşi makulladylar, çynlakaý meseleleri çözmek we daşky gurşawa artýan howplary çözmek üçin ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýokary derejedäki dialogyň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny tassykladylar.

Öz ýurtlarynyň BMG-niň durnukly ösüş babatyndaky 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine ygrarlydygyny tassyklap, gatnaşyjylar şeýle hem serhetýaka suw hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026