HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransiýada interneti kadalaşdyrmak boýunça taryhda ilkinji bütindünýä maslahat geçirildi

Fewral 24, 2023 | 11:21 |6365
Parižde «Ygtybarly Internet» atly sanly platformalary kadalaşdyrmak boýunça bütindünýä gollanmasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen taryhda ilkinji maslahat tamamlandy - diýip, BMG-niň metbugat gullugy habar berýär.Parižde «Ygtybarly Internet» atly sanly platformalary kadalaşdyrmak boýunça bütindünýä gollanmasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen taryhda ilkinji maslahat tamamlandy - diýip, BMG-niň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: medium.com

Parižde «Ygtybarly Internet» atly sanly platformalary kadalaşdyrmak boýunça bütindünýä gollanmasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen taryhda ilkinji maslahat tamamlandy - diýip, BMG-niň metbugat gullugy habar berýär.

Üç günlük çäre ÝUNESKO tarapyndan maglumatyň ynamdarlygyny ýokarlandyrmak we internetde adam hukuklaryny öňe sürmek maksady bilen gurnaldy. Ol sanly platformalary kadalaşdyrmak boýunça sentýabrda hödürlenjek gollanmany işläp düzmekde tamamlaýjy tapgyr bolup durýar.

Gatnaşyjylar döwlete degişli we hususy düzümleriň wekilleri, ylmy toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri internet-giňişliginde nädogry maglumat ýaýratmagyň ösýän jähtinde maglumat gözlemek we almak üçin hukuga eýe bolmagyň zerurdygy babatda ylalaşdylar.

ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule interneti hakykatdan-da jemgyýete hyzmat edýän we öz pikiriňi erkin beýan etmek hukugyny üpjün etmäge kömek edýän gurala öwürmek üçin ähi ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge çagyrdy.

Maslahatyň 4300-den gowrak gatnaşyjyny ýygnandygyny, olaryň arasynda Braziliýanyň prezidenti Luis Inasiu da Silwanyň, 2021-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Mariýa Ressanyň bardygyny belläp geçmelidiris.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026