HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi RT telekompaniýasy bilen gepleşikleri geçirdi

Fewral 23, 2023 | 23:53 |7110
Türkmenistanyň halkara habarlar merkezinde (HHM) Russia Today halkara teleýaýlymynyň işgärleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. HHM-niň ýolbaşçylaryndan başga-da, türkmen tarapyndan gepleşiklere DIM-niň wekilleri gatnaşdylar, beýleki tarapdan bolsa Russia Today-iň halkara hyzmatdaşlygy gullugynyň uly prodýuseri Ýana Aleksandrowa, teleýaýlymyň halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň bölüminiň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Karina Melikýan, Ruptly wideoagentliginiň baş-prodýuseri Mariýa Antonenko we Ruptly-nyň sebitleýin teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça prodýuseri Wartan Haçaturýan gatnaşdylar.Türkmenistanyň halkara habarlar merkezinde (HHM) Russia Today halkara teleýaýlymynyň işgärleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. HHM-niň ýolbaşçylaryndan başga-da, türkmen tarapyndan gepleşiklere DIM-niň wekilleri gatnaşdylar, beýleki tarapdan bolsa Russia Today-iň halkara hyzmatdaşlygy gullugynyň uly prodýuseri Ýana Aleksandrowa, teleýaýlymyň halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň bölüminiň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Karina Melikýan, Ruptly wideoagentliginiň baş-prodýuseri Mariýa Antonenko we Ruptly-nyň sebitleýin teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça prodýuseri Wartan Haçaturýan gatnaşdylar.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň halkara habarlar merkezinde (HHM) Russia Today halkara teleýaýlymynyň işgärleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. HHM-niň ýolbaşçylaryndan başga-da, türkmen tarapyndan gepleşiklere DIM-niň wekilleri gatnaşdylar, beýleki tarapdan bolsa Russia Today-iň halkara hyzmatdaşlygy gullugynyň uly prodýuseri Ýana Aleksandrowa, teleýaýlymyň halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň bölüminiň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Karina Melikýan, Ruptly wideoagentliginiň baş-prodýuseri Mariýa Antonenko we Ruptly-nyň sebitleýin teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça prodýuseri Wartan Haçaturýan gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti kärdeşlerine Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde döredilen Türkmenistanyň HHM-niň esasy maksatlary, işleri hem-de wezipeleri, şol sanda halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar toruny giňeltmek üçin öňde durýan wezipeler barada maglumat berdiler.

Gepleşiklerde RT we Ruptly bilen kontent alyşmagy işjeňleşdirmäge we giňeltmäge taýýarlyk barada gürrüň edildi, özi-de, taýýar sýužetleri we materiallary bermekden başga-da, Türkmenistanda ýörite Ruptly üçin reportažlyk ýazgylary geçirmegiň mümkinçiligine garaldy. RT Doc-yň – RT torunyň dokumental teleýaýlymy ugry boýunça bilelikdäki taslamalar babatda hem gyzykly mümkinçilikler bar.

RT teleýaýlymynyň Moskwadaky edarasyna bolşy ýaly, GDA ýurtlaryna hem baryp görmek arkaly žurnalistler üçin hünär kämilleşdiriş maksatnamalary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynda we Türkmenistranda bolup geçýän möhüm çäreleri beýan etmek boýunça has ýakyndan gatnaşyk etmek barada ylalaşyldy. Türkmenistanda RT-niň we Ruptly-nyň habarçylaryny akkreditasiýa etmek meselelerine deglip geçildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026