

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!


Sişenbe güni “Gazprom” PJ-niň Geňeşiniň başlygy Alekseý Miller bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit-gaz kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Röwşan Nejafyň iş duşuşygy geçirildi.


Meşhur hindi egin-eşik brendi Shades of India kompaniýasyny esaslandyryjylar Dewid we Mandip Hausgo Merkezi Aziýa halklarynyň gadymy halylaryndan we matalaryndan durýan öz hususy kolleksiýalarynyň ýygyndylaryny 1-nji fewraldan 15-nji fewrala çenli Nýu-Delidäki Senetçileriň milli muzeýinde görnüşe çykardylar.


«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň wekilleri «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» temasyndan okuwa gatnaşdylar. Çäre Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) fransuz klassifikasiýalaşdyryş jemgyýetiniň ýardam etmeginde Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirildi.


Türkmenistanda statistiki biznes-registr üçin goşundy peýda bolar, ol telekeçilik işjeňligi bilen meşgullanýan ýuridiki we fiziki şahslary hasaba almaklygy tizleşdirer. Programma üpjünçiliginiň döredilmegi biznes-registrler boýunça halkara bilermeni Sergeý Kuziniň ýurda eden saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky metbugat beýanatynda habar berilýär.


Türkmen estradasynyň meşhur aýdymçysy Azat Dönmezow Russiýada konsert maksatnamasy bilen ýekelikde çykyş eder – diýip, Türkmenistanyň RF-daky ilçihanasynyň Instagramdaky hasabynda habar berilýär.


Twitterdäki resmi hasabynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Täýyp Ärdogan şu gün irden ýurduň günorta-gündogarynda bolan ýer titremesinden ejir çeken raýatlara tiz sagalmagy arzuw etdi.


Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça XXIX TIBO-23 Halkara forumy 18-21-nji aprelde Minskide geçiriler – diýip, Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligine salgylanyp, BelTA habar berýär.


Türkmenistan 6-njy fewralda Türkiýede bolup geçen weýrançylykly ýer titremesi sebäpli bu ýurda ynsanperwerlik kömegini ugratdy.


Türkmenistan we Koreýa Respublikasy şu gün, 7-nji fewralda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyny belleýär. Şu sene mynasybetli Seulda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýewiň The Korea Post halkara žurnalynyň baş redaktory Li Kýong-sek bilen duşuşygy boldy.


Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň baştutanynyň weýrançylykly ýer titremede heläk bolanlaryň hatyrasyna umumymilli matam diýip yglan etmegi sebäpli baýdaklary aşak düşürdi.


Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy tassyklamak baradaky karara gol çekdi – diýip, Trend habar berýär.


Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk etrabynda magnitudasy 7,4 ball bolan uly ýer titreme bolup geçdi – diýip, Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek baradaky müdirligiň (AFAD) habaryna salgylanyp, Anadolu agentligi habar berýär.


Betbagtçylykly ýer titremesinden soňra Türkiýede we Siriýada halas ediş işleri dowam edýär – diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.


Duşenbe güni, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,2 mln amerikan dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.