HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bişkek bilen Daşkent haryt dolanyşygyny ýylyň ahyryna çenli ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna çenli ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar

Mart 09, 2023 | 21:32 |6968
Gyrgyzystan bilen Özbegistan respublikalaryň haryt dolanyşygyny 2023-nji ýylyň ahyryna çenli iki milliard dollara çenli ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar – diýip, Gyrgyzystan hökümetiniň metbugat gullugy RIA Nowosti habarlar agentligine habar berdi.Gyrgyzystan bilen Özbegistan respublikalaryň haryt dolanyşygyny 2023-nji ýylyň ahyryna çenli iki milliard dollara çenli ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar – diýip, Gyrgyzystan hökümetiniň metbugat gullugy RIA Nowosti habarlar agentligine habar berdi.
Çeşme: gov.kg

Gyrgyzystan bilen Özbegistan respublikalaryň haryt dolanyşygyny 2023-nji ýylyň ahyryna çenli iki milliard dollara çenli ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar – diýip, Gyrgyzystan hökümetiniň metbugat gullugy RIA Nowosti habarlar agentligine habar berdi.

Habara görä, Daşkentde iş saparyny amala aşyrýan Gyrgyzystanyň premýer-ministri Akylbek Japarow penşenbe güni özbek kärdeşi Abdulla Aripow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda "söwda-ykdysady, maýa goýum, suw we energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-gumanitar we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpsanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy".

"Taraplar şu ýyl özara haryt dolanyşygynyň möçberini ABŞ-nyň iki milliard dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler" – diýip, metbugat gullugynyň wekili habar berdi.

“Bizde özara haryt dolanyşygyny ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler bar we biz bilelikdäki iri taslamalaryň, hususan-da Kambar-Ata gidroelektrik stansiýasynyň we Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygynyň tizara durmuşa geçirilmegini goldaýarys" – diýip, Aripow aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026