HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Taryhdaky iň baý türgen belli boldy

Mart 10, 2023 | 11:43 |10584
Meşhur öňki basketbolçy Maýkl Jordan Sportico neşiriniň hasaplamalary boýunça taryhdaky iň baý türgen diýlip ykrar edildi.Meşhur öňki basketbolçy Maýkl Jordan Sportico neşiriniň hasaplamalary boýunça taryhdaky iň baý türgen diýlip ykrar edildi.
Çeşme: gettyimages.com

Meşhur öňki basketbolçy Maýkl Jordan Sportico neşiriniň hasaplamalary boýunça taryhdaky iň baý türgen diýlip ykrar edildi.

Neşiriň reýtingine görä, Jordan öz karýerasynyň dowamynda 3,3 mlrd dollar gazanypdyr. Ikinji ýerde golfçy Taýger Wuds (2,5 mlrd), üçünji ýerde onuň kärdeşi Arnold Palmer (1,7 mlrd) durýar.

Dördünji ýer ýene-de bir golfça – Jekki Niklausa (1,6 mlrd) düşdi. «Al-Nasryň» we Portugaliýanyň ýygyndysynyň forwardy Kriştianu Ronaldu baýlaryň bäşligini (1,58 mlrd) jemleýär.

Maýkl Jordan – Milli basketbol assosiasiýasynda (MBA) 15 ýylyň dowamynda çykyş eden öňki professional basketbolçydyr.

Ol ähli döwürleriň iň gowy basketbolçylarynyň biri hasaplanýar we «Çikago Bulz» topary bilen MBA-nyň 6 çempionatynda ýeňiş gazandy. Özüniň sportdaky üstünliklerinden başga-da, Jordan üstünlikli telekeçi we maýa goýumçy boldy, bu oňa ägirt uly emlägi gazanmaga mümkinçilik berdi.

Basketbolçynyň baýlygynyň uly bölegi 1984-nji ýylda döredilen Air Jordan brendiniň önüminiň satylmagy bilen baglanyşyklydyr. Nike kompaniýasy bu brend bilen Jordana ägirt köp möçberde girdeji getirip, krossowkalary we beýleki harytlary çykarýar.

Basketbolçy dürli kompaniýalara düýpli maýa goýdy, şol sanda Estée Lauder kosmetiki brende hem maýa goýdy. Mundan başga-da, Jordan MBA-nyň “Şarlott Hornets” toparynyň bilelikdäki eýesidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026