Habarlar

Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabadyň we Wenanyň gatnaşyklarynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň eýeleýän ornuna baha berdilerIki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabadyň we Wenanyň gatnaşyklarynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň eýeleýän ornuna baha berdiler

Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabadyň we Wenanyň gatnaşyklarynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň eýeleýän ornuna baha berdiler

Penşenbe güni Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary wideo arkaly geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň medeni gatnaşyklarynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan işine hem-de eýeleýän ornuna baha berdiler. Diplomatlar Jemgyýetiň gatnaşmagynda Aşgabatda we Wenada özara Medeniýet günleriniň, bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň çykyşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini bellediler. Türkmen paýtgatynda guralýan Wena baly bu ugurdaky gatnaşyklaryň nusgalyk mysaly hökmünde görkezildi.

22-nji fewralda Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhedinde elektron nobaty giriziler22-nji fewralda Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhedinde elektron nobaty giriziler

22-nji fewralda Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhedinde elektron nobaty giriziler

Fewralyň ahyryna çenli Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen döwlet serhetlerindäki geçiriş nokatlarynda elektron nobaty giriziler. Olaryň hatarynda – 22-nji fewraldan “Temir-baba” we 27-nji fewraldan – “Tažen” geçiriş nokatlary bar. Geçiriş nokatlaryň ikisi-de Mangistau oblastynda ýerleşýär. Birinjisi – Türkmenistan bilen, ikinjisi – Özbegistan bilen serhetdedir. Bu barada GR-niň Döwlet girdejiler komitetiniň metbugat-gullugyna salgylanyp, “Kazinform” habar berýär.