

Aşgabat we Bagdat gatnaşyklaryň täze tapgyryna gadam basýarlar
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Yragyň Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşyk geçirdi. Diplomatik edaranyň habar bermegine görä, gepleşikleriň esasy özeni «syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary» ösdürmekden ybarat boldy


















