HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tramp Hytaýa saparyny jemläp, Pekinden ugrady

Maý 16, 2026 | 12:00 |3305
Çeşme: orient.tm

15-nji maýda, günortandan soň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça geçirilen üç günlük döwlet saparyny jemläp, Pekinden ABŞ-na ugardy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy we daşary işler ministri Wan I howa menzilinde Trampy ugratdy.

Mundan ozal Hytaýyň we ABŞ-nyň baştutanlary Pekindäki Çunnanhaýda dar düzümde duşuşyk geçirdiler. Onda Amerikan prezidenti ony bu ýere çagyrandygy üçin Si Szinpine minnetdarlygyny bildirip, döwlet saparynyň bütin dünýäniň ünsüni özüne çekendigini belledi hem-de ony örän üstünlikli we ýatdan çykmajak waka hökmünde häsiýetlendirdi. Tramp Başlyk Si Szinpini Waşingtonda (Kolumbiýa okrugy) kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

14-nji maýda ir bilen Si Szinpin Pekindäki Halk ýygnaklary öýünde Tramp bilen gepleşikleri geçirdi, şondan soň iki lider Asman ybadathanasyna zyýarat etdi. Munuň yz ýanyndan Si Szinpin Trampyň hormatyna kabul ediş dabaraly naharyny gurady. Bu, 2017-nji ýylyň noýabrynda Si Szinpiniň Trampy Pekinde kabul etmeginden soň, ABŞ prezidentiniň takmynan dokuz ýyldan bäri Hytaýa ilkinji sapary boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026