HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Ugandanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşdy

Maý 16, 2026 | 16:20 |5717
Türkmenistanyň wekiliýeti Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen Kampala şäherinde saparda boldyTürkmenistanyň wekiliýeti Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen Kampala şäherinde saparda boldy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň wekiliýeti Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen Kampala şäherinde saparda boldy. Köp sanly daşary ýurtly myhmanlary bir ýere ýygnan resmi çäre Ugandanyň paýtagtynda ýerleşýän Kololo dabaralar meýdançasynda geçirildi.

Dabara tamamlanandan soňra türkmen wekiliýetini Ugandanyň Respublikasynyň Prezidenti Ýoweri Kaguta Museweni Entebbedäki rezidensiýasynda kabul etdi. Geçirilen duşuşygyň dowamynda Uganda Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlary hem-de saýlawlarda gazanan ýeňşi mynasybetli iberen gutlaglary beýan edildi.

turkmenistan-delegation-visit-uganda-inauguration (3).jpg

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ugandanyň Prezidentine ýollan çakylygy üçin minnetdarlyk we ugandanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlary beýan edýän haty gowşuryldy. Uganda Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna öz minnetdarlygyny beýan edip, uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Partiýara ugruny ösdürmek meselesi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň Ugandanyň dolandyryjy partiýasynyň baş sekretary Riçard Todwong bilen duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Uganda tarapy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işi, esasy maksatlary, jemgyýeti jebisleşdirmekdäki, ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekdäki we baý milli mirasy gorap saklamatdaky goşandy barada jikme-jik tanyşdyryldy. Söhbetdeşligiň netijesinde syýasatçylar partiýara we parlamentara gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle hem yzygiderli tejribe alyşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

turkmenistan-delegation-visit-uganda-inauguration (4).jpg

Saparyň syýasy-diplomatik bölegi Ugandanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygy hem öz içine aldy. Iki ýurduň diplomatlary düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary derejesinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, geljekde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek, bilelikdäki işewürlik forumlaryny we medeni çäreleri guramak meselelerine garaldy. Saparyň netijeleri Ugandanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary boýunça Döwlet ministri Henry Orýem Okello bilen geçirilen duşuşykda jemlendi. Onuň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge bolan maksatlary tassykladylar.

turkmenistan-delegation-visit-uganda-inauguration (2).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026