HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Swetoforda koma: näme üçin nätanyş adamlar ikirjiňlenmän kömege ylgadylar?

Maý 17, 2026 | 09:50 |3012
Çeşme: orient.tm

Sürüji ruluň başynda huşundan gitdi, gapy gulply, yzdan urulma — emma golaýyndan biperwaý geçip gitmedik adamlar bardy.

“CCTV+”-iň habar berişi ýaly, Hytaýyň gündogaryndaky Szýansu welaýatynyň Szinszýan şäherinde bir topar ýolagçy swetoforda ulagynyň içinde huşundan giden adamy halas etmek üçin güýçlerini birleşdirdiler.

Wideo-gözegçilik kamerasynyň ýazgylarynda jenap Hunyň ulagynyň duýdansyz öňe süýşip, öňde barýan awtoulagyň yzyndan uranyny görkezilýär.

Urgyny duýan başga bir ulagyň sürüjisi Wan Fan, Hu bilen gepleşmek üçin ulagyndan düşýär. Emma soňra onuň huşsuz ýagdaýdadygyny bilip galýar.

«Onuň koma ýagdaýyndadygyny görenimde, gapysyny açmaga synanyşdym, ýöne ol gulply eken» — diýip, Wan soňra žurnalistlere gürrüň berdi. Ol şepagat uýasy bolany üçin, sürüjiniň ömrüne howp salýan ýürek tutmasynyň bolandygyndan şübhhelendi. Wan haýal etmän tiz kömegi çagyrdy we kömek sorap gygyryp başlady.

Ýoldan geçip barýanlar tiz wagtda kömege goşuldylar. Ýao Ýunhun ulagyň mundan beýläk hereket etmeginiň öňüni almak üçin, beton sütünjagazy alyp, ony Hunyň ulagynyň yzky tekerine gysdyrdy. Li Sýaomin bolsa hereketlendirijini öçürmek üçin aýnany döwdi. Soňra birnäçe halas edijiler gezekli-gezegine ýürek-öýken reanimasiýasyny geçirdiler. «Bäş minutdan soň, biz onuň eliniň çalaja gymyldanyny gördük» diýip, Ýao aýtdy.

«Hawa, eli gymyldady, men ondan özüni nähili duýýandygyny soradym, ýöne jogap bolmady. Şonuň üçin tiz kömek gelýänçä reanimasiýany dowam etdirdik» diýip, Li sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, Hunyň ýagdaýy häzir durnukly we ol hassahanada bejergi almagyny dowam etdirýär. Soňra ol nätanyş adamlara çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

«Şeýle agyr pursatda maňa kömek etmäge taýyn bolan Szinszýandaky bu ak göwünli adamlara örän minnetdar» diýip, ol aýtdy.

Indi bolsa dogruňyzy aýdyň. Eger siz şol adamlaryň ýerinde bolsaňyz — gulply ulagy, huşsuz ýatan adamy görseňiz we töweregiňizde hiç kim bolmasa. Siz aýnany döwermidiňiz? Ýa-da ilki bilen ätiýaçlandyryş, polisiýa ýa-da «tötänleýin bir zadyny döwerin» diýen gorky barada oýlanarmydyňyz? Szinszýan taryhy gahrymanlar barada däl.

Ol adaty adamlar, haýsydyr bir gadymy we dogry duýgusy oýanan adamlar barada. Olar oýlanmadylar. Olar diňe hereket etdiler. Eýsem, sizem başarardyňyzmy?

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026