HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Amazon, eBay, Zara, Adidas, Balenciaga: “Türkmenpoçta” halkara onlaýn söwda üçin täze mümkinçilikleri açýar

Maý 15, 2026 | 20:05 |6353
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy sanly we logistika hyzmatlaryny yzygiderli ösdürip, halkara onlaýn söwdany Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin has elýeterli, amatly we ygtybarly etmegi dowam etdirýär“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy sanly we logistika hyzmatlaryny yzygiderli ösdürip, halkara onlaýn söwdany Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin has elýeterli, amatly we ygtybarly etmegi dowam etdirýär
Çeşme: Surat emeli aň arkaly döredildi

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy sanly we logistika hyzmatlaryny yzygiderli ösdürip, halkara onlaýn söwdany Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin has elýeterli, amatly we ygtybarly etmegi dowam etdirýär. Döwrebap çözgütleriň ornaşdyrylmagy hem-de hyzmatdaşlyk torunyň giňeldilmegi netijesinde dünýäniň meşhur internet dükanlaryndan harytlary sargyt etmek has ýeňil we amatly boldy.

Bu ugruň ösdürilmeginde TMDrops logistika hyzmaty hem möhüm orun eýeleýär. Ol ulanyjylara Amazon, eBay, Zara, Adidas, Balenciaga we beýleki meşhur halkara internet söwda platformalarynda söwda etmäge mümkinçilik berýär. “Türkmenpoçta” bilen TMDrops hyzmatynyň bilelikdäki işi daşary ýurtlardan sargytlaryň ygtybarly eltilmegini, ugratmalaryň abat saklanmagyny hem-de amatly logistika hyzmatlaryny üpjün edýär.

Döwrebap logistika çözgütleriniň çäklerinde müşderilere ABŞ-da we Ýewropa ýurtlarynda, şol sanda Italiýada hem-de Gresiýada şahsy wirtual salgylar hödürlenýär. Ulgamada hasaba alnan ulanyjy daşary ýurt ammarynyň şahsy salgysyny we müşderi belgisini alýar. Şol maglumatlar internet dükanynda sargyt resmileşdirilende görkezilýär.

Sargyt Türkmenistana gelip gowşandan soň, müşderä çenli ýetirilmegi bilen bagly işleri “Türkmenpoçta” öz üstüne alýar, TMDrops hyzmaty bolsa halkara sargytlaryň amatly görnüşde resmileşdirilmegini we utgaşdyrylmagyny üpjün edýär. Şeýle çemeleşme onlaýn söwda amalyny ýeňilleşdirip, müşderiler üçin has amatly şertleri döredýär.

Logistika hyzmatlarynyň tizligine we açyklygyna aýratyn üns berilýär. ABŞ-dan iberilýän sargytlaryň ortaça eltip bermek möhleti 10 günden 20 güne çenli, Ýewropa ýurtlaryndan bolsa 7 günden 14 güne çenli dowam edýär. Hyzmatyň bahasy diňe harytlaryň göwrüm agramyna görä kesgitlenýär. Bu bolsa müşderilere çykdajylaryny öňünden meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Ähli halkara ugratmalar Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda hökmany gümrük gözegçiliginden geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde sargytlary resmileşdirmek işi gönüden-göni alyjynyň özi tarapyndan ýerine ýetirilýär. Bu bolsa harytlary, brendleri we internet dükanlaryny erkin saýlamaga mümkinçilik döredýär.

Ulanyjylar üçin hyzmat hem-de maglumat goldawy türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir.Hyzmatyň düzgünleri, nyrhnamalar bilen has giňişleýin tanyşmak we şahsy daşary ýurt salgysyny almak üçin hasaba durmak isleýänler TMDrops logistika hyzmatynyň resmi internet saýtyna girip bilerler: tmdrops.com.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026