HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Buharada geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumynda çykyş etdi

Maý 16, 2026 | 16:05 |6115
13-14-nji maý aralygynda Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy13-14-nji maý aralygynda Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy
Çeşme: senat.uz

13-14-nji maý aralygynda Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Iki günlük saparyň maksatnamasy sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, gender deňligini öňe sürmegi hem-de ylmy-tehnologiki gatnaşyklary öz içine aldy.

Saparyň birinji gününde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň çäklerinde geçirilen «Ylymda zenan liderligi: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna gatnaşdy.

gulmanova-visit-uzbekistan-asian-women-forum (2).jpg

Milli parlamentiň ýolbaşçysy gatnaşyjylary Türkmenistanda zenanlaryň ylmy-barlag işlerine döwlet derejesinde berilýän toplumlaýyn goldawlar bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak baradaky maksatnamalara, biotehnologiýalar, ekologiýa, innowasion tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de bu ugurlar boýunça milli kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn üns çekildi.

Forumyň çäklerinde Dünýägözel Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşygy boldy. Parlamentleriň ýolbaşçylary iki doganlyk döwletiň köpasyrlyk goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň şu günki günde parlament diplomatiýasynyň guraly hökmünde netijeli baýlaşdyrylýandygyny bellediler.

gulmanova-visit-uzbekistan-asian-women-forum (3).jpg

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag-üstaşyr we serhetýaka hyzmatdaşlygyň geljegini, sanly tehnologiýalar pudagynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmagy, kanunçylyk işinde we hukuk kadalaryny utgaşdyrmakda tejribe alyşmagy jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

14-nji maýda Mejlisiň Başlygy «Zenanlara maýa goýmak — durnukly ösüşiň esasy: zenanlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we ekologiýa mümkinçiliklerini giňeltmek» atly Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy.

Dünýägözel Gulmanowa öz çykyşynda gender deňligini üpjün etmegiň we döwlet dolandyryşynda zenanlaryň ornuny güýçlendirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Parlamentiň ýolbaşçysy halkara ähmiýetli meselelere ünsi çekip, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny belläp geçdi. Bu başlangyç ählumumy hukuk binýadyny we dünýä derejesinde gender deňliginiň standartlaryny berkitmekde möhüm esas bolmaga gönükdirilendir.

gulmanova-visit-uzbekistan-asian-women-forum (4).jpg

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy daşary ýurtly kärdeşlerini we Özbegistanyň Senatynyň ýolbaşçysyny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek giň gerimli forumlara gatnaşmaga çagyrdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda Halkara zenanlar dialogy, demografiýa boýunça wekilçilikli maslahaty we Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisi geçiriler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026