HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin we Tramp Pekinde şahsy duşuşyk geçirdiler

Maý 16, 2026 | 11:50 |2867
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp anna güni Pekindäki Çžunnanhaýda şahsy duşuşyk geçirdiler.

Bu duşuşyk Trampyň çarşenbe gününden anna gününe çenli Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ertesi güni boldy. Trampyň saparynyň taryhy we möhüm ähmiýetlidigini belläp, Si Szinpin taraplaryň strategiki durnuklylyga esaslanýan konstruktiw Hytaý-ABŞ gatnaşyklaryny ýola goýmagyň täze garaýşy kesgitländigini aýtdy.

Si Szinpin taraplaryň durnukly ykdysady we söwda gatnaşyklaryny saklamak, dürli ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek we birek-biregi aladalandyrýan meseleleri dogry çözmek babatynda möhüm umumy ylalaşyklary gazanandygyny mälim etdi. Şeýle-de, taraplar halkara we sebit meseleleri boýunça gatnaşyklary we utgaşdyrmalary güýçlendirmäge ylalaşdylar. Si Szinpin bu saparyň özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, özara ynamy çuňlaşdyrmaga we iki halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga ýardym berýändigini belledi.

Bu ýagdaý Hytaýyň we ABŞ-nyň özara hormat goýmagynyň esasynda özara düşünişmeginiň, parahatçylykly ýaşamagyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dogry ýoluny tapmagynyň iki halkyň umumy arzuwudygyny we bütin dünýäniň garaşýan ýagdaýydygyny ýene-de bir gezek subut edýär, diýip Si Szinpin belledi.

Si Szinpin Prezident Trampyň Amerikany täzeden beýik etmek isleýändigini belläp, özüniň hem hytaý halkyny milli galkynyşa tarap alyp barýandygyny aýtdy we iki ýurduň hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly öz ösüşlerini öňe ilerledip biljekdiklerini nygtady.

Hytaý we ABŞ gazanylan möhüm ylalaşyklary durmuşa geçirmeli, gazanylan oňyn netijeleri gorap saklamaly, dogry ugra tarap hereket etmeli, päsgelçiliklerden gaça durmaly we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösüşine ýardam etmelidir, diýip Si Szinpin belledi.

Tramp Çžunnanhaýa çakylygy üçin Si Szinpine örän minnetdardygyny aýdyp, Hytaýa amala aşyran saparynyň bütin dünýäniň ünsüni özüne çekendigini hem-de onuň örän üstünlikli we ýatdan çykmajak bolandygyny belledi.

Taraplaryň birnäçe möhüm ylalaşyklara gelendigini we iki ýurt hem-de bütin dünýä üçin uly peýda getiren köp kynçylylary çözendigini Tramp aýtdy.

Tramp Si Szinpiniň köne dostudygyny we oňa uly hormat goýýandygyny belläp, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň örän möhümdigini we hökman has-da gowulaşjakdygyna ynanýandygyny mälim etdi.

Tramp Başlyk Si Szinpin bilen çyn we çuňňur gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy we ony Waşingtonda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny bildirdi.

Şeýle-de, taraplar sebitdäki käbir möhüm wakalar we meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026