

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “ECO 93” kysymly awtoulag benzini we suwuklandyrylan gaz satyn alyndy
10-njy martda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.


10-njy martda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.


Türkmenistan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ählumumy we sebit gün tertibiniň möhüm ugurlaryna bagyşlanan iri halkara forumlarynyň birnäçesini geçirmäge taýýarlanýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Raşid Meredow 10-njy martda Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde mälim etdi


Angliýa Bankynyň we Kanada Bankynyň ozalky ýolbaşçysy Mark Karni Kanadanyň Liberal partiýasynyň täze lideri, we degişlilikde ýurduň täze premýer-ministri bolup saýlandy. Ol 85,9% sesleri gazandy.


Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew Wilnýusş şäherine iş saparynyň çäginde Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýulýus Pranýawiçýus bilen duşuşdy


7-nji martda Aşgabat şäherinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi


7-nji martda, anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen gepleşikleri geçirdi


7-nji martda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelen Gruziýanyň Daşary işler ministri hanym Maka Botçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi


4-6-njy mart aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy (BOMCA 10) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük gulluklarynyň wekilleri üçin Latwiýa okuw saparyny gurady.


Şu güýzde Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän Týanszin şäherinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti geçiriler. Bu barada Halk wekilleriň ählihytaý ýygnagynyň 3-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen metbugat maslahatynda HHR-iň daşary işler ministri Wan I habar berdi. Bu barada Sinhua agentligi belleýär.


Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNICEF) ýene bir gezek hyzmatdaşlygyny berkidip, 12 hyzmatdaşy bilen 2025-nji ýyl üçin 11 sany täze iş meýilnamalara gol çekdiler. Bu ylalaşyklar Türkmenistanda çagalaryň we ýaşlaryň hukuklaryny we abadançylyklaryny Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli Meýilnamasyna we 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar Gaznasynyň ýurt boýunça maksatnamasyna laýyklykda öňe sürmekde umumy garaýyşlary beýan edýär.


6-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde infrastrukturany ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça işler hem-de gurluşygyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy


Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň wekilleri hem 2025-nji ýylyň 4-6-njy mart aralygynda Buharada geçirilen “Aýallar Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitleriniň ösüşi üçin” atly sebitleýin seminara gatnaşdy.


5-nji martda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, oba hojalyk we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.


5-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy


Ýakynda bellenilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili (ÝBÝW), ilçi Eduard Stipraýs, 4-6-njy mart aralygynda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy. Jenap Stipraýs wezipesine bellenilenden üç gün soň Aşgabada geldi we bu, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan hem-de Merkezi Aziýa bilen özara gatnaşyklara ýokary baha berýändigini görkezdi