HHR-iň DIM-i: şu güýzde Týanszin şäherinde ŞHG-niň nobatdaky sammiti geçiriler


Şu güýzde Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän Týanszin şäherinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti geçiriler. Bu barada Halk wekilleriň ählihytaý ýygnagynyň 3-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen metbugat maslahatynda HHR-iň daşary işler ministri Wan I habar berdi. Bu barada Sinhua agentligi belleýär.
Wan I sammitiň ŞHG agza-ýurtlarynyň liderleri üçin möhüm meýdança bolup, ol ýerde bilelikdäki işiň netijeleriň jemleniljekdigi, geljekki meýilleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy hem-de hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça konsensusa ýetiljekdigi barada belledi. Ol Týanszindäki sammitiň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we bitewi durmuşyň has berk jemgyýetini emele getirmek üçin täze başlangyç boljakdygyna ynam bildirdi.
Hytaý şu ýylda ŞHG-ä başlyklyk edýär hem-de dürli ugurlarda 100-den gowrak çäreleri guraýar. Wan I ŞHG-niň Hytaý üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Sebäbi ol bu ýurtda döredilip, Şanhaý şäheriniň adyny göterýär.
ORIENT news








