HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gruziýa hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Mart 07, 2025 | 22:50 |8723
7-nji martda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelen Gruziýanyň Daşary işler ministri hanym Maka Botçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi7-nji martda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelen Gruziýanyň Daşary işler ministri hanym Maka Botçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

7-nji martda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelen Gruziýanyň Daşary işler ministri hanym Maka Botçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar ýokary derejedäki gatnaşyklaryň, hususan-da Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň häzirki wagtda Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini nygtadylar.

07032025-turkmenistan-i-gruziya (1).jpg

Ministrler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde işjeň ösdürililýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar işjeň dialogyň hem-de edara ýolbaşçylary we bölüm müdirleri derejesinde geçirilýän yzygiderli geňeşmeleriň üsti bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň tarapdarydygyny beýan etdiler.

07032025-turkmenistan-i-gruziya (4).jpg

DIM-iň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnama gol çekdiler.

Mundan başga-da degişli edaralaryň ýolabaşçylary derejesinde gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam hakynda we ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hökümetara ylalaşyga, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

07032025-turkmenistan-i-gruziya (6).jpg

07032025-turkmenistan-i-gruziya (8).jpg

07032025-turkmenistan-i-gruziya (7).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026