Habarlar

Merkezi Aziýanyň talyplary Hytaýyň medeniýetine aralaşýarMerkezi Aziýanyň talyplary Hytaýyň medeniýetine aralaşýar

Merkezi Aziýanyň talyplary Hytaýyň medeniýetine aralaşýar

Ýakynlaşyp gelýän Hytaýyň Täze ýyly – Çunsze, ýagny Bahar baýramynyň öň ýanynda, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Pakistan we beýleki ýurtlardan we sebitlerden bolan, Demirgazyk-Günbatar oba hojalyk we tokaý hojalygy uniwersitetinde okaýan 100-den gowrak talyp, Hytaýyň medeniýetine aralaşdylar. Bu çäre Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda, Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Siýan şäherinde geçirildi

GDA-nyň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşine Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Konsepsiýasy hödürlendiGDA-nyň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşine Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Konsepsiýasy hödürlendi

GDA-nyň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşine Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Konsepsiýasy hödürlendi

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minskde Täjigistanyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-döwletleriň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň şu ýylky birinji mejlisi geçirildi. Mejlise GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem-de Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy Ahmad Saidmurodzoda gatnaşdy. A.Saidmurodzoda 2025-nji ýyl üçin Täjigistanyň GDA-da başlyklyk etmekliginiň Konsepsiýasyny hem-de ony durmuşa geçirmegiň Iş meýilnamasyny hödürledi. GDA-nyň strategiki resminamalarynda kesgitlenen esasy wezipelere we maksatlara ýetmekde ýardam bermek, şeýle hem Guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp malahatlaşmak başlyklyk etmekligiň esasy maksady boldy.

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyryldyTürkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyryldy

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy hem-de Ýaşyl Klimat Gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” atly taslamanyň çäklerinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mowzuklar boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyrmak üçin tegelek stol geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldyTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alnyp maslahatlaşdy. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça okgunly we yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.