HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Mart 06, 2025 | 23:55 |6926
6-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde infrastrukturany ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça işler hem-de gurluşygyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy6-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde infrastrukturany ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça işler hem-de gurluşygyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy
Çeşme: orient.tm

6-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde infrastrukturany ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça işler hem-de gurluşygyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow şähere tarap barýan ýoluň ugrundaky köpzolakly halkalaýyn ýoluň ýanynda saklandy. Bu ýerde aýlawly ýoldan Arkadag şäherine çenli uzaýan köçäniň durkuny täzelemek, ony düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar barada hasabat berildi.

Taslamalar bilen tanyşandan soň, Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluň hil derejesi, onuň çäklerinde oturdyljak heýkelleriň görnüşleri bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini nygtap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýoluň ýakalarynda milli buýsanjy alamatlandyrýan ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylmagynyň we olaryň binýadynda bedewleriň nesil ugruna, taryhyna we gazanan üstünliklerine degişli maglumatlaryň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Ýoluň her tarapynda welosiped ýodalarynyň, atly gezelençler üçin çäge düşelen ýodalaryň gurulmagy baradaky tabşyrygy taslamanyň üstüni ýetirdi. Munuň özi raýatlaryň saglygy baradaky edilýän aladany we atçylyk sportunyň milli däpleriniň ösdürilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň we ýurdumyzyň atşynaslarynyň Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýola “Ahalteke atlary” şaýoly diýip atlandyrmak baradaky haýyşlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Mejlisine degişli teklibiň ugradylmalydygyny we ony Mejlisiň oňlan halatynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça degişli resminamanyň taýýarlanyljakdygyny aýtdy.

Iş saparyny dowam etdirip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 4 ýyllygyna taýýarlyk işlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Gaznanyň wise-prezidentleri baýramçylyk mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň, ylmy-amaly maslahatyň, serginiň, degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklaryň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygy barada hasabat berdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow, gaznanyň Prezidenti hökmünde çäreleriň meýilnamasyna örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Şeýle hem çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň hukuklary boýunça kanunçylyk namalarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi zerurdygyny nygtady. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen maslahatlaşyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly täze ugurlaryň döredilmegine degişli meseleler boýunça pikir alşylmalydygyny belledi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde gurluşyk işleriniň gidişi we ýaşlar üçin niýetlenen seýilgähiň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Arkadag şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hödürlendi. Bu ýerde lukmançylyk klasterine aýratyn üns berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026