Habarlar

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana ilkinji saparyÝewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana ilkinji sapary

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana ilkinji sapary

Ýakynda bellenilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili (ÝBÝW), ilçi Eduard Stipraýs, 4-6-njy mart aralygynda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy. Jenap Stipraýs wezipesine bellenilenden üç gün soň Aşgabada geldi we bu, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan hem-de Merkezi Aziýa bilen özara gatnaşyklara ýokary baha berýändigini görkezdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldyTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

3-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler ilki bilen birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýyň sahawatly günlerinde tutuljak orazalaryň, amal ediljek ybadatlaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler