Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

3-nji aprelde Samarkand şäherinde ÝB bilen Merkezi Aziýanyñ arasynda ilkinji sammit geçiriler

Aprel 02, 2025 | 15:35 |3160
3-nji aprelde Özbegistanyñ Samarkand şäherinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky ilkinji sammit açylýar diýip, Euronews habar berýär.3-nji aprelde Özbegistanyñ Samarkand şäherinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky ilkinji sammit açylýar diýip, Euronews habar berýär.
Çeşme: asiaplustj.info

3-nji aprelde Özbegistanyñ Samarkand şäherinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky ilkinji sammit açylýar diýip, Euronews habar berýär.

Ýewropa Komissiýasynyñ başlygy Ursula fon der Lýaýen ÝB-niñ sebit bilen hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak isleýändigi barada aýtdy.

"Ýewropa üçin Merkezi Aziýa saýlanan hyzmatdaşdyr. Sammitde biz söwda aragatnaşyklary çuñlaşdyryp, ulag, möhüm çig-mal, sanly aragatnaşyk, suw serişdeleri we energetika babatda hyzmatdaşlygy giñelderis" - diýip, ol belledi.

Sammitiñ taýýarlyk işleriniñ çäklerinde ýakynda Türkmenistana gelen ÝB-niñ daşary işler boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas geçiriljek çäre barada şeýle diýdi: "Bu biziñ gatnaşyklarymyzyñ möhüm pursady bolar. Biz bu sammitiñ üstünlikli geçirilmegine uly ähmiýet berýäris".

Aşgabatda bolup geçen duşuşykda Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiñ arasyndaky integrirlenen hyzmatdaşlygynyñ Ýewraziýada bolup geçýän wakalaryñ ösüşiniñ möhüm strategiki ugurlarynyñ biri bolup durýandygyny belledi.

ÝB möçberi boýunça sebitiñ söwda hyzmatdaşlarynyñ ikinjisi, şeýle hem iri maýadary bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026