HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Bileleşiginiň SECCA taslamasy Türkmenistana energiýa netijeliligini ýokarlandyrmakda goldaw berýär

Aprel 03, 2025 | 11:05 |3382
2025-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Türkmenistanyň howa şertlerini hasaba almak bilen, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna energiýa netijeliligi boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň aýratynlyklarynyň öwrenilmegi” atly okuw seminary geçirildi. Okuw seminary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada durnukly energetika aragatnaşyklary” (SECCA) taslamasy hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” atly taslamasy tarapyndan guraldy.2025-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Türkmenistanyň howa şertlerini hasaba almak bilen, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna energiýa netijeliligi boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň aýratynlyklarynyň öwrenilmegi” atly okuw seminary geçirildi. Okuw seminary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada durnukly energetika aragatnaşyklary” (SECCA) taslamasy hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” atly taslamasy tarapyndan guraldy.
Çeşme: secca.eu

2025-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Türkmenistanyň howa şertlerini hasaba almak bilen, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna energiýa netijeliligi boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň aýratynlyklarynyň öwrenilmegi” atly okuw seminary geçirildi. Okuw seminary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada durnukly energetika aragatnaşyklary” (SECCA) taslamasy hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” atly taslamasy tarapyndan guraldy.

Çärä Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmenleri, TDEI-niň mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” atly Ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri, SECCA taslamasynyň esasy bilermenleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary gatnaşdylar.

Okuw seminarynyň geçirilmeginiň maksady energiýa tygşytlylygy we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak babatda hukuk düzgünleşdirmeleriň halkara tejribesiniň öwrenilmegi boldy.

Gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşiginiň SECCA taslamasynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Durnukly şäherler” taslamasynyň durnukly energetikanyň ösüşi, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine geçmekde goldaw bermek hem-de energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, galyndylary ulanmak we dolandyrmak hem-de galyndylary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hökmünde ulanmak mümkinçilikleri babatda alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Dikeldilýän energetika we energiýa netijeliligi pudaklarda TDEI-niň, Ýewropa Bileleşiginiň SECCA taslamasynyň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri goşmaça maslahatlaşyldy.

Seminara gatnaşyjylar ösen ýurtlaryň bu pudaklary ösdürmek üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmegi boýunça tejribesi barada maglumatlary aldylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026