HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada Raýatlyk we daşary ýurtly raýatlary hasaba almak meseleleri baradaky gullugy döredildi

Aprel 04, 2025 | 11:55 |4199
Russiýada Raýatlyk we daşary ýurtly raýatlary hasaba almak meseleleri baradaky täze gullugy döredilip, ol Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri baradaky Baş müdirliginiň düzüminde hereket eder.Russiýada Raýatlyk we daşary ýurtly raýatlary hasaba almak meseleleri baradaky täze gullugy döredilip, ol Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri baradaky Baş müdirliginiň düzüminde hereket eder.
Çeşme: addnt.ru

Russiýada Raýatlyk we daşary ýurtly raýatlary hasaba almak meseleleri baradaky täze gullugy döredilip, ol Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri baradaky Baş müdirliginiň düzüminde hereket eder.

Degişli karara 2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde RF-iň prezidenti Wladimir Putin gol çekdi.

Täze gullugyň başlygy hökmünde ozal baş prokuroryň orunbasary wezipesini eýelän Andreý Kikot bellendi. Täze düzümiň esasy wezipesi migrasiýa işini düzgünleşdirmekden hem-de migrantlar tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň kanunçylygynyň berjaý edilişini üpjün etmekden ybaratdyr.

Kararda hökümetiň üç aýyň dowamynda gullugyň döredilmegi bilen baglanyşykly çykdajylaryň maliýeleşdirilmegini üpjün etmegi barada hem bellenilýär.

Gullugyň döredilmegi, esasan hem, migrantlar bilen baglanyşykly birnäçe ýagdaýlaryň ýüze çykanlygy sebäpli ýurtda migrasiýa syýasatyny gowulandyrmak zerurlygyna jogap boldy.

Wladimir Putin içeri işler edaralarynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň merkezi apparatynyň anyk işgärler sanyny bellemek boýunça pikirleri hödürlemegi; ministr Wladimir Kolokolsewe bolsa – resminamada göz öňünde tutulan guramaçylyk çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026