HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

Aprel 03, 2025 | 19:40 |6005
Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdyÖzbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy
Çeşme: Euronews

Şu gün «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag we kommunikasiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bu duşuşygyň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, syýasy-diplomatik ugurda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda has işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýar. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Ýewropa Geňeşiniň Başlygy ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp, ýokary derejeli bu çäreleriň iki sebitiň arasyndaky köpugurly we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

14:19 Iýun 18, 2026
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026