HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy

Aprel 03, 2025 | 19:18 |5660
Şu gün Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdyŞu gün Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

Şu gün «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen gözel Samarkant şäherinde duşuşmaga şatdygyny aýdyp, bu ýokary derejeli Sammitiň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Söhbetdeşler Sammitiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny seljermäge hem-de özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda pikir alyşmaga, şeýle hem Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary işjeň ýola goýmakda möhüm wezipeleri çözmäge mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygy diňe ykdysadyýet, energetika, tehnologiýa we ulag ulgamlarynda däl, eýsem, medeni we bilim ulgamlarynda-da ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlyk ykdysady we energetika üpjünçiligi boýunça möhüm meseleleri öz içine alýar. Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň öňe sürýän «ýaşyl» energetika syýasatyna laýyklykda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durnukly energiýa serişdeleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

14:19 Iýun 18, 2026
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026