HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Mart 31, 2025 | 03:50 |3315
30-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi30-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Çeşme: orient.tm

30-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler birek-biregi mukaddes Oraza baýramy bilen mähirli gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna mübärek Oraza aýynyň nurana günlerinde agyz bekläp tutan orazalarynyň, , ýagşy doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Rejep Taýyp Ärdogan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Türkiýäniň Prezident bu taryhy üstünligiň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, ählumumy abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz gezeginde doganlyk ýurduň wekiliýetiniň “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Bu maslahat, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Çagalaryň bagtyýar geljegini we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça üçin dünýä jemgyýetçiliginiň birleşdirmäge gönükdirilen bu giň gerimli forumyň ähmiýetini belläp, Prezident Ärdogan türk wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligi dowam etdirip, taraplar Türkiýäniň Türkmenistanyň esasy strategiki söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtadylar. Uzak möhletleýin esasda köptaraply türkmen-türk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-birege ýakyndan goldaw bermek esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmen we türk halklaryny umumy taryha, medeniýete, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ylym-bilim, medeniýet, sungat, sport ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026