HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Seulda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen gepleşikleri geçirildi

Sentýabr 15, 2026 | 16:19 |1651
Şu gün Seulda Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildiŞu gün Seulda Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi
Çeşme: mofa.go.kr

Şu gün Seulda Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň jemleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Aşgabat bilen Seulyň strategik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy gol çekildi. Bu barada Mawy tamyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Prezident Li Çže Mýon çylşyrymly syýasy dartgynlylyk döwründe Koreýa Respublikasynyň raýatlaryny Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmäge döredilen mümkinçilik hem-de berlen goldaw üçin türkmen tarapyna aýratyn hoşallyk bildirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bolsa Koreýa bolan ynamyň ýokary derejesini nygtap, häzirki saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

serdar-berdimuhamedov-lee-jae-myung-seoul-summit-agreements (2).jpg

Gepleşikleriň gün tertibi amaly özara gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlaryny öz içine aldy. Döwlet Baştutanlary senagat kärhanalaryny we himiýa pudagynyň desgalaryny gurmak boýunça iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda koreý kompaniýalarynyň gatnaşygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Taraplar Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň tutuş Ýewraziýa üçin ösüşiň täze hereketlendirijisi bolup durýandygyny nygtap, logistika we ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işjeň bilelikdäki işleri alyp barmagyň tarapdary bolup çykyş etdiler.

Taraplar senagat kooperasiýasyna aýratyn üns berdiler. Döwlet Baştutanlary gämi gurluşygy pudagynda koreý we türkmen hünärmenleri bilen Türkmenistanyň çäginde gämileri bilelikde gurmagy göz öňünde tutýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk nusgasyna ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, hyzmatdaşlyk täze şäherleriň gurluşygy, emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, şeýle hem ekologik meseleleri bilelikde çözmek ýaly ugurlary öz içine alar. Koreýa tarapy Türkmenistana suw serişdelerini “akylly” dolandyrmak boýunça tehnologiýalary, tokaýlary sanly dolandyrmak we çölleşmä garşy göreşmek üçin MAT çözgütlerini hödürlemäge taýýardyr.

serdar-berdimuhamedov-lee-jae-myung-seoul-summit-agreements (5).jpg

Meýilleşdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň binýady hökmünde maýa goýumlaryny goramak hakynda Ylalaşygy, gümrük işlerinde özara kömek bermek hakynda Ylalaşygy we intellektual eýeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamany öz içine alýan resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Şeýle hem himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, hukuk ulgamyndaky özara gatnaşyklar, daşky gurşawy goramak we ýaşlaryň alyş-çalyşlary ugurlarynda ylalaşyklar baglaşyldy.

serdar-berdimuhamedov-lee-jae-myung-seoul-summit-agreements (7).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026