

Amerikan kompaniýalarynyň baştutanlary Türkmenistana işewürlik saparyny amala aşyrarlar
ABŞ-nyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň ahyryna çenli söwda we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň meslelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Trend neşirine «Türkmenistan–ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart gürrüň berdi.




















