

Türk parlamentiniň ýolbaşçysy Ärdoganyň saparynyň öňýanynda Aşgabada geldi
Türkiýäniň Beýik Millet Ýygnagynyň başlygy Mustafa Şentop hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti penşenbe güni iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada geldi.


Türkiýäniň Beýik Millet Ýygnagynyň başlygy Mustafa Şentop hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti penşenbe güni iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada geldi.


Ýewraziýa ösüş banky sebitiň suw we energiýa toplumyna maýa goýumlarynyň zerurlygyny 11 milliard dollara çenli azaltmaga we sarp edijiler üçin ortaça nyrhyň ösüşini 50 göterimden 35 göterime çenli peseltmäge kömek etjek Merkezi Aziýanyň energiýa ulgamyny ösdürmegiň iň amatly görnüşini hödürledi.


Türkmenistanyň Astrahandaky diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda Türkmenistanyň konsuly Nury Gölliýewiň Astrahan uniwersitetiniň rektory Olga Başkina bilen bolan duşuşygyndan soň berilýän habara görä, Astrahanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde dürli hünärler we ugurlar boýunça Türkmenistandan 180 sany talyp bilim alýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow we EYR-niň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Eýranyň nebit ministri Jawad Owji energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylan Ýazdursun Gurbannazarowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky kärdeşleri bilen GDA-nyň ombudsmenleriniň Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bölüminde geçirilen mejlisinde raýatlaryň adam hukuklaryny we bähbitlerini goramak meselesini ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasy habar berýär.


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylary – premýer-ministrler Raşid Meredow we Alekseý Owerçuk sişenbe güni Aşgabatda gepleşikleri geçirip, 6-7-nji dekabrda Moskwada meýilleşdirilýän HAT ýygnagynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň daýhan birleşiklerine baryp gördi we ol ýerde daýhanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy we çekýän asylly zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirdi - diýip, TDH habar berýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygynyň orunbasary, Hökümetara türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň RF tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara howa gatnawlarynyň peteklerini ýene-de onlaýn görnüşde satyn alyp bilersiňiz, bu barada awiakompaniýanyň resmi web aýty habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň baştutany Anjeý Dudany Milli Garaşsyzlyk güni bilen gutlady, bu barada TDH habar berýär.


Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasy etraplaryň, şäherleriň, welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, ýurduň çäk gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünmesi barada ozal seredilip geçilen teklipleri durmuşa geçirmek karara geldi.


Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan dekabr aýynyň başynda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen Russiýa tarapyndan teklip edilýän "gaz merkeziniň" taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak isleýändigini aýtdy – diýip “РИА Новости” habar berýär.


Aşgabatda geçirilen "TürkmenTel-2022" XV Halkara ylmy maslahatynyň ikinji güni aragatnaşyk, kiberhowpsuzlyk we maglumatlary goramak temalaryna bagyşlandy. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmentel konferensiýasy köp ýurtlaryň wekillerini ýygnap, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmekde möhüm meseleleri gozgaýan sebitdäki möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.


Türkmen parlamentiniň Ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) sammitiniň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň prezidentiniň resmi saýty habar berýär.


Şu günler Aşgabatda halkara telekommunikasiýa jemgyýetçiligi “Türkmentel-2022” sergisine hem-de MKT ulgamynda esasy hünärmenler we düzgünleşdirijiler üçin adybir maslahata gatnaşýarlar. Olar bu ulgamdaky wajyp meseleleriň üstünde pikir etmek, olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek hem-de täze aragatnaşyklary ýola goýmak üçin bu ýere ýygnandylar.