Ýewraziýa Banky Merkezi Aziýa ýurtlarynda energiýany öndürmek zerurlygyny azaltmak boýunça meýilnamany hödürledi


Ýewraziýa ösüş banky sebitiň suw we energiýa toplumyna maýa goýumlarynyň zerurlygyny 11 milliard dollara çenli azaltmaga we sarp edijiler üçin ortaça nyrhyň ösüşini 50 göterimden 35 göterime çenli peseltmäge kömek etjek Merkezi Aziýanyň energiýa ulgamyny ösdürmegiň iň amatly görnüşini hödürledi.
Bu barada bankyň resmi saýty II Almaty energiýa forumynyň netijeleri boýunça habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Ýewraziýa ösüş banky Merkezi Aziýanyň suw we energiýa toplumynda, şol sanda sindikatlaryň we konsorsiumlaryň düzüminde esasy maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşmaga, şeýle hem sebitde umumy energiýa bazarynyň emele getirilmegine goşant goşmaga taýýardyr.
Şeýle hem bank tarapyndan jemi bahasy 63 milliard dollara barabar bolan önümçilik we tor toplumy boýunça 93 töweregi taslamalara garalandyr.
Bu hödürlenen taslama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw we energiýa toplumyny ösdürmegiň çäklerindäki iň uly taslama bolmak bilen, ol sebitde energiýa kuwwatyna bolan islegi 84 GWt-dan 74,8 GWt-a çenli azaldar.
ORIENT news
Surat: eabr.org








