Türkmenistanyň Prezidenti we EYR-niň nebit ministri energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar


Prezident Serdar Berdimuhamedow we EYR-niň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Eýranyň nebit ministri Jawad Owji energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çarşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika ulgamynda özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Bu ulgamda iki ýurt hem ägirt uly serişde kuwwarştyna eýedir, olaryň geografik taýdan goňşuçylykda ýerleşmegi bolsa bilelikdäki özara taslamalar üçin mümkinçilikleri döredýär.

Jawad Owji ÝET boýunça bolşy ýaly, ulag-logistika we beýleki ulgamlarda hem Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge Eýranyň uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Eýranyň wekiliýeti çarşenbe güni Türkmenistanyň DIM-de-de gepleşikleri geçirdi.

Dekabrda EYR-niň önümleriniň Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda geçiriljek sergisinde hem Eýranyň nebit kompaniýalarynyň, enjamlary öndürijileriniň we beýlekileriň giňden gatnaşmagyna garaşylýar.
ORIENT news








