Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa GDA-daky kärdeşleri bilen adam hukuklary barada pikir alyşdy


Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylan Ýazdursun Gurbannazarowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky kärdeşleri bilen GDA-nyň ombudsmenleriniň Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bölüminde geçirilen mejlisinde raýatlaryň adam hukuklaryny we bähbitlerini goramak meselesini ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasy habar berýär.
«Raýatlarymyzyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini ygtybarly goramak siziň alyp barýan netijeli işiňize bagly bolup durýar. Häzirki wagtda Arkalaşygyň giňişliginde adam hukuklaryny üpjün etmek we goramak bilen baglanyşykly adam hukuklary adalatçylarynyň we ähli döwlet edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurlygy äşgärdir» - diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew belledi.
Duşuşykdan soň taraplar agza döwletleriň sebitleýin, milli, medeni we taryhy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, adam hukuklaryny goramak ugrundaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardyklaryny bellediler.
ORIENT news
Surat: e-cis.info








