

Türkmenistanda Çiliniň täze ilçisi öz işine başlady
Çili Respublikasynyň täze ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastro Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa ynanç hatyny gowşurdy.


Çili Respublikasynyň täze ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastro Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa ynanç hatyny gowşurdy.


Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ýörite wekilleriniň ilkinji ýygnagyna gatnaşanlar ýurduň maliýe serişdeleriniň daşary ýurt banklarynda doňunyň aýrylmagy barada gürrüň etdiler. Bu barada sişenbe güni Özbegistanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ysmatulla Irgaşew aýtdy.


Pekinde 14-nji Milli Halk Gurultaýynyň (NPC) 1-nji sessiýasy açyldy – diýip, Sinhua habar berýär. Öňümizdäki günlerde Hytaýyň deputatlary durmuş-ykdysady üstünlikleri ara alyp maslahatlaşarlar we ýurduň mundan beýläk hem giňişleýin ösüşiniň geljegini meýilleşdirerler.


Ulag meselesi, aýry iş ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň merkezinde bolmalydyr diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni BMG-nyň iň pes ösen ýurtlar boýunça 5-nji konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy.


7-nji martda sişenbe güni Nýu-Delide "Hindistan-Merkezi Aziýa" bilelikdäki iş toparynyň Owganystan boýunça ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary wezipeli ýörite wekilleri gatnaşdylar.


Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti (TGÝMJ) Aşgabatdaky Türkiýäniň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenlere takmynan, 11 tonna ynsanperwer kömegini ugratdy. Bu barada şenbe güni Anadolu agentligi habar berdi.


Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça kömekçisi Haled Hiari bilen duşuşdy – diýip, hemişelik wekilhananyň resmi saýty habar berýär.


Düzgünnamalaryň we Umumy teswirnamalaryň degişli taslamalaryna garamak boýunça bilermenler topary Arkalaşygyň ştab-kwartirasyndaky mejlisiň barşynda GDA-da synçynyň we hyzmatdaşyň institutlaryny döretmeklige gyzyklanma bildirdi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.


Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabatda Ysraýylyň hemişelik ilçihanasynyň resmi açylyşyna gatnaşmak üçin ýakyn wagtda Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Bu barada anna güni Ysraýylyň i24NEWS Halkara habarlar teleýaýlymy habar berdi.


Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük gulluklarynyň baştutanlarynyň duşuşygynda е-TIR elektron ulgamyny ulanmak we maglumatlary alyşmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär.


Kompartiýanyň merkezi komitetiniň syýasy býurosynyň agzasy Wo Wan Thyong Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň täze prezidentligine saýlanyldy. Onuň üçin Milli ýygnagyň deputatlarynyň 488-den 487-i ses berdi, bu bolsa 98,38% deňdir. Bu barada Wýetnamyň maglumatlar agentligine salgylanyp, dünýäniň KHBS-i ýazýarlar.


Moskwada Awiasiýa we howa giňişliginden peýdalanmak boýunça Geňeşiň mejlisi boldy – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.


Dünýä ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegi ösüp barýan ýurtlara zyýan bermeli däldir we olaryň hasabyna bolup geçmeli däldir – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedow COVID-19 garşy göreş boýunça Aragatnaşyk toparynyň Goşulyşmazlyk hereketiniň Sammitinda çykyş etmek bilen aýtdy – diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi habar berýär.


28-nji martda Moskwada serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda GDA-nyň maglumat syýasatyny döremek boýunça halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komtetiniň maglumat gullugy habar berýär.


Goşulmazlyk hereketinde hyzmatdaşlygyň anyk gün tertibi bar – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Goşulmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde eden çykyşynda aýtdy.