

Manamada Türkmenistanyň prezidenti bilen Bahreýniň patyşasynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Çarşenbe güni Manamada Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa Al-Halifa gepleşikleri geçirdiler.


Çarşenbe güni Manamada Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa Al-Halifa gepleşikleri geçirdiler.


Eýranyň günortasynda magnitudasy 5,3 balla deň bolan ýer titreme bolup geçdi – diýip, Ýewropanyň Ortaýer seýsmologiki merkezine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabat halkara howa menzilinden resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady.


Duşenbe güni Dominikan Respublikasynyň ilçisi Elwis Antonio Alam Lora Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa ynanç hatyny gowşurdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan diplomaty wezipä bellenilmegi bilen gutlady we täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi.


Türkmenistanyň wekiliýeti «ÝB-Merkezi Aziýa» atly daşky gurşaw we suw serişdeleriniň meseleleri boýunça 23-24-nji fewralda Rimde boljak ýokary derejedäki 7-nji Maslahata gatnaşar.


Türkmenistanyň döwlet gurluşlarynyň wekilleri bikanun migrasiýa boýunça onlaýn-okuwa gatnaşdylar – diýip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýty habar berýär.


19-njy fewral, ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.


Ýaponiýa «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça alyş-çalyşy mundan beýläk-de öňe sürmegi niýet edinýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Ýamomoto Ýaponiýanyň imperatory Naruhitonyň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlikde aýtdy – diýlip, diplomatik wekilhananyň metbugat habarynda aýdylýar.


Türkmenistan BMG-niň Komissiýasynyň durmuş ösüşi boýunça «Ýaşlaryň gatnaşmagyndaky syýasatlar we maksatnamalar» rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi – diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.


Ýurduň günorta-gündogaryndaky Türkiýäniň Hataý welaýatynda magnitudasy 5,1 ball bolan ýene bir ýer titreme boldy – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.


Işewürlik we söwda babatynda Işewürler Geňeşiniň we Iş toparynyň döredilmegi, umuman, Türkmenistan bilen ÝB-niň, hususan-da, Niderlandlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň ösmegine ýardam eder.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Toýguly Nurowy Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenýändigi barada Permana gol çekdi – diýip, TDH habar berýär.


Gawaýda Kilauea patlawugy oýandy we atylyp başlady. Patlawugyň atylmagy magnitudasy 4,8 balla deň bolan ýer titremäniň bolmagyna getirdi – diýip, ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň maglumatyna salgylanyp, Rambler habar berýär.


GDA-nyň sebitleriniň Forumyny gurnamagyň we geçirmegiň Konsepsiýasynyň taslamasy ykdysady meseleler boýunça komissiýanyň Moskwada bolan nobatdaky mejlisinde seredildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistan Ählumumy döwürleýin synyň dördünji tapgyry boýunça milli hasabaty taýýarlaýar – diýip, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky edarasynyň metbugat habarynda mälim edilýär.