HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda syýasy möwsüm açyk

Mart 07, 2023 | 14:53 |9504
Pekinde 14-nji Milli Halk Gurultaýynyň (NPC) 1-nji sessiýasy açyldy – diýip, Sinhua habar berýär. Öňümizdäki günlerde Hytaýyň deputatlary durmuş-ykdysady üstünlikleri ara alyp maslahatlaşarlar we ýurduň mundan beýläk hem giňişleýin ösüşiniň geljegini meýilleşdirerler.Pekinde 14-nji Milli Halk Gurultaýynyň (NPC) 1-nji sessiýasy açyldy – diýip, Sinhua habar berýär. Öňümizdäki günlerde Hytaýyň deputatlary durmuş-ykdysady üstünlikleri ara alyp maslahatlaşarlar we ýurduň mundan beýläk hem giňişleýin ösüşiniň geljegini meýilleşdirerler.
Çeşme: vk.com

Pekinde 14-nji Milli Halk Gurultaýynyň (NPC) 1-nji sessiýasy açyldy – diýip, Sinhua habar berýär. Öňümizdäki günlerde Hytaýyň deputatlary durmuş-ykdysady üstünlikleri ara alyp maslahatlaşarlar we ýurduň mundan beýläk hem giňişleýin ösüşiniň geljegini meýilleşdirerler.

Däp bolşy ýaly, mejlisiň gün tertibinde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Kesýanyň hökümetiň işi we geçen ýyl üçin býujetiň ýerine ýetirilişi, NPC-niň hemişelik komitetiniň, Ýokary Halk Prokuraturasynyň we Ýokary Halk Kazyýetiniň işi baradaky hasabatlary ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hgem kanun çykaryjylar tarapyndan 2023-nji ýyl üçin býujet kabul ediler.

Li Kesýan öz çykyşynda esasy ugurlarda tehnologiki ösüşi gazanmak üçin çeşmelerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Hususan-da, adaty pudaklary, şeýle hem kiçi we orta kärhanalary sanlaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Döwlet geňeşiniň premýer-ministriniň hasabatyna görä, şu ýyl Hytaýyň global ykdysady ösüşe goşýan goşandy ýene 30 göterimi aşar, jemi içerki önümiň ösüşi 5 göterim töweregi bolar diýlip garaşylýar.

Li Kesýan daşary syýasat mowzugyna ünsi çekip, halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde parahatçylykly ýoluň möhümdigini aýtdy: «Biz garaşsyz daşary parahatçylyk we parahatçylykly ösüş syýasatyna ygrarly bolmalydyrys, parahatçylykly ýaşamagyň bäş ýörelgesi esasynda beýleki ýurtlar bilen dostluga we hyzmatdaşlyga çalyşmalydyrys».

Mejlisiň gidişinde parlament agzalary Hytaýyň Döwlet geňeşiniň reforma taslamasyna serederler.

Ýene bäş ýyllyk möhlete gaýtadan saýlanyp biljek Hytaýyň ýolbaşçysy Si Szinpin, ýokary hilli ösüşiň ähli taraplaýyn döwrebap sosialistik ýurt gurmagyň esasy wezipesidigini aýtdy.

4-nji martda Hytaýyň paýtagtynda ýokary pikir alyşýan guramanyň ilkinji mejlisi, ýagny Hytaý Halk Syýasy Geňeşiniň Milli Komitetiniň 14-nji çagyrylşy açyldy. Sessiýa 13-nji marta çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026