Nýu-Delide "Hindistan-Merkezi Aziýa" toparynyň Owganystan boýunça mejlisi geçirildi


7-nji martda sişenbe güni Nýu-Delide "Hindistan-Merkezi Aziýa" bilelikdäki iş toparynyň Owganystan boýunça ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary wezipeli ýörite wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň we BMG-nyň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň wekilleri hem gatnaşdy.
Mejlis Owganystan bilen baglanyşykly möhüm sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki ýagdaý, şol sanda Owganystandaky syýasy, howpsuzlyk we gumanitar ýagdaý barada pikir alyşdylar. Ähli owganlaryň hukuklaryna hormat goýýan we aýal-gyzlar we etnik azlyklar üçin deň hukuklary üpjün edýän, şol sanda bilim almak hukugyny berýän hakyky inklýuziw syýasy gurluşy döretmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Hindi tarapy neşe serişdeleriniň bikakun dolanyşygyna garşy göreş ulgamynda Merkezi Aziýanyň degişli gyzyklanma bildirýän taraplary üçin hünärmen mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça okuw kurslaryny hödürledi. Mundan başga-da, Hindistan we UNODC neşe serişdeleriniň bikakun dolanyşygyna garşy göreşde, şol sanda neşe serişdesini ulanýan owgan ilatyny dikeltmek we alternatiw durmuş mümkinçiliklerini ösdürmäge kömek etmek boýunça tagallalarda hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar, - diýlip, Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Häzirki gumanitar ýagdaýy çözmek üçin Hindistan Çabahar portunyň üsti bilen owgan halkyna 20,000 tonna bugdaý ibermek üçin Bütindünýä azyk maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyny yglan etdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar bu formatda geňeşmeleri yzygiderli dowam etdirmegi ylalaşyp, bilelikdäki beýannama gol çekdiler.
ORIENT news








