

Dagystan Hazarýaka döwletleriň ilkinji sanly forumyny kabul eder
Oktýabr aýynda Dagystanda Hazarýaka döwletleriniň birinji sanly forumy geçiriler – diýip, Russiýanyň bu sebitiniň Sanly ösüş ministri Ýuriý Gamzatowa salgylanyp, TASS habar berýär.


Oktýabr aýynda Dagystanda Hazarýaka döwletleriniň birinji sanly forumy geçiriler – diýip, Russiýanyň bu sebitiniň Sanly ösüş ministri Ýuriý Gamzatowa salgylanyp, TASS habar berýär.


Çarşenbe güni Şweýsariýanyň Ženewa şäherine sapar edýän Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä söwda guramasynyň baş müdiri Ngozi Okonjo-Iweala we onuň orunbasary Sýançen Çžan bilen gepleşik geçirdi.


Çarşenbe güni Bakuwda Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan we Türkiýäniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň köptaraplaýyn mejlisi geçirildi. Gatnaşyjy ýurtlaryň edaralarynyň hünärmenleriniň duşuşygyň öňüsyrasynda ara alnyp maslahatlaşylan mowzuk Trans-Hazar halkara Gündogar-Günbatar orta koridorynyň ugry boýunça «bir penjire» ýörelgesinde üstaşyr gümrük düzgünini ýönekeýleşdirmek baradaky taslama boldy.


Türkmenistan we Keniýa Respublikasy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular – diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.


Aşgabatda Türkmen-Tatarystan biznes-forumy açyldy. Işewürlik çäresi «Ýyldyz» myhmanhanasynyňmaslahatlar zalynda geçýär. Duşuşygyň esasy ünsi Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerine,senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.


15-16-njy mart aralygynda Ankarada Türki döwletleriň guramasynyň (OTG) nobatdan daşary sammiti geçiriler, oňa gatnaşyjylar tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we ýeňip geçmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.


Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ozalky ilçisi Lýusiýa Uaýldyň döwlet gullugynda başga wezipä geçýändigi sebäpli, onuň ornuna Stiwen Konlon bellendi. Konlon 2023-nji ýylyň maý aýynda wezipesine girişer. Bu barada Beýik Britaniýanyň hökümet portaly sişenbe güni habar berdi.


Mejlisiň başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 11-15-nji mart aralygynda Bahreýniň paýtagty Manamada geçiriljek Mejlisara bileleşiginiň (IPU) 146-njy mejlisine gatnaşýar. Assambleýanyň işine 117 sany milli parlamentiň wekilleri gatnaşýar.


Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-Merkezi Aziýa: hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty, özara goldaw, baky dostluk we bilelikdäki ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Täjigistanyň Milli maglumatlar agentligi «Howar» habar berýär.


Türkmenistanda parlamentiň (Mejlisiň) deputatlarynyň ýedinji çagyrylyşynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegi we geçirmegi monitoring etmegiň çäklerinde GDA-dan gelen halkara synçylar Daşoguz welaýatyna baryp gördüler. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.


Türkmenistanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ştab-kwartiralary Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara Söwda Merkeziniň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.


Merkezi Aziýada Hukugyň hökmürowanlygy maksatnamasynyň saýty indi türkmen dilinde hem elýeterlidir . Bu barada Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy özüniň Instagram hasabynda habar berdi.


Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow "Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk" atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wladimir Rahmanin bilen duşuşdy.


15-18-nji maý aralygynda Aşgabatda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň duşuşygy geçiriler. Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) howandarlygyndaky çäre paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler.


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri we Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň MA boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew milli kanunçylyga halkara kadalarynyň girizilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.