

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Bişkekde duşuşarlar
27-28-nji noýabrda Bişkekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçiriler. Bu çäre her ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň howandarlygynda aýlawly ýagdaýda geçirilýär. Şeýle görnüşdäki duşuşyk şu ýyl 13-nji gezek geçiriler.



















